Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Çehiýa we Russiýa birek-bireginiň ilçihanalarynda 'deň sanda işgär saklar'


Russiýanyň Pragadaky ilçihanasynyň öň gapysyndaky ýazgy
Russiýanyň Pragadaky ilçihanasynyň öň gapysyndaky ýazgy

2014-nji ýylda Çehiýanyň ýarag ammarynda bolup geçen ganly partlamada Russiýanyň oýnan roly diýilýän bilen baglylykda, iki ýurduň arasyndaky dartgynlygyň güýçlenmegi bilen, çeh daşary işler ministri Ýakub Kulhanek 23-nji aprelde Çehiýanyň we Russiýanyň öz ilçihanalarynda saklajak diplomatlarynyň sanyny yglan etdi.

"[Çehiýanyň we Russiýanyň ilçihanalarynyň] her birinde ýedi diplomat we 25 administratiw-tehniki işgär bolmaly" diýip, Kulhanek Çehiýanyň “Blesk” gazetine beren interwýusynda aýtdy.

Kulhanegiň bu anyklaşdyrmasy Russiýanyň ar alyş çäresiniň çäginde çeh diplomatlaryny kowmagynyň bir gün soňundan edildi. Ol Russiýada Pragada häzirki wagtda Çehiýanyň Moskwadaky ilçihanasynda işleýän adamlardan kän işgär saklamaga rugsat berilmejekdigini aýtdy.

Bu dawa 17-nji aprelde, Praga içaly diýlip kesgitlenen 18 rus işgärini ýurtdan kowandan soň tutaşdy.

Kulhanek interwýuda Russiýa maýyň aýagyna çenli ilçihananyň 63 işgärini azaltmak barada möhlet berlendigini hem belledi. Ol munuň Russiýanyň Brnodaky we Karlowy Warydaky konsulhanalaryndaky diplomatlarynyň we tehniki işgärleriniň sanyna, şeýle-de Çehiýanyň Russiýanyň beýleki käbir şäherlerindäki konsulhanalaryna täsir etmejekdigini hem sözüne goşdy.

Çehleriň bildiren aýyplamalary netijesinde emele gelen “jan ýerine jan” diplomatiki garşylyk 1989-njy ýyldan bäri – haçanda Çehiýada kommunistik häkimiýeti tamamlandan soň – Praga bilen Moskwanyň arasyndaky dörän iň uly dawa boldy. Bu NATO agza, Merkezi Ýewropanyň uly bolmadyk döwletini Moskwa bilen Günbataryň arasyndaky ýitileşýän dartgynlylyklaryň üns merkezine getirdi.

Çehler 2018-nji ýylda Angliýada adamlary nerw agenti bilen zäherlemekde günäkärlenen iki rus aňtaw ofiseriniň 2014-nji ýylda Çehiýanyň ok-ýarag ammarynda iki adamyň ölmegine getiren partlamanyň hem arkasynda bolandygyny aýtdylar. Russiýa Çehiýanyň aýyplamalaryny ret etdi.

Çehler çykarylan diplomatlarynyň 22-nji aprel öýläne çenli yzyna dolanyp bilmekleri üçin, Moskwadan degişli şertleriň döredilmegini soradylar. Kesgitlenen bu soňky möhlete jogap bolmady. Rus resmileri ultimatumy “kabul ederliksiz” diýip atlandyrdylar.

“Biz açyk ýüreklilik bilen Russiýadan adamlarymyzy çykarmak baradaky kararyndan yza dönmegini teklip etdik. Emma Russiýa biziň hödürlän mümkinçiligimizden peýdalanmady. Baş diplomat hökmünde, men çeh-rus gatnaşyklarynyň häzirki ýagdaýyndan hoşal däl” diýip, Kulhanek “Blesk” neşirine aýtdy. Ol Russiýanyň çeh diplomatlaryny çykarmagy bilen, Çehiýanyň Moskwadaky ilçihanasynyň “ysmaz” bolandygyny hem sözüne goşdy.

Kulhanek rus ilçihanasynyň ilki çykarylan 18 diplomatyndan beýleki rus işgärlerine “persona non grata” yglan edilmändigi sebäpli, olaryň “teoretiki taýdan” geljekde Çehiýa Respublikasyna dolanyp biljekdiklerini hem nygtady.

Çeh baş diplomaty mundan bir öň eden çykyşynda diplomatlaryň sanyny azaltmak kararynyň, Çehiýadaky adaty ruslara gönükdirilmändigini hem belläp geçdi.

“Men ýersiz-ýere hiç bir zady dartgynlyşdyrmak islemeýärin. Bu daşary işler ministriň wezipesi däl. Emma Çehiýa Respublikasy ynamly bir döwlet we şoňa laýyklykda hem hereket eder. Bu ruslara ýa-da rus halkyna garşy gönükdirilen bir çäre däl. Bu rus gizlin gulluklarynyň biziň territoriýamyzdaky hereketlerine jogap reaksiýasy. Bu bärde ýaşaýan, işleýan we okaýan adaty ruslara gönükdirilmedi” diýip, Kulhanek 22-nji aprelde Pragada gurnalan metbugat ýygnagynda çykyş etdi.

Bu aralykda, Slowakiýanyň premýer-ministri Eduard Heger Çehiýa raýdaşlyk hökmünde ýurtdan üç rus diplomatynyň çykarylýandygyny yglan etdi.

"Biziň geosyýasy gurşawymyzda, şeýle-de – biziň doly raýdaşlyk we goldaw bildirýän - Çehiýa Resupblikasyndaky soňky özgerişleriň netijesinde, mundan başga-da biziň ýaran döwletlerimiziň aňtaw gulluklary bilen içgin hyzmatdaşlyk eden aňtaw gulluklarymyzyň hödürlän maglumatlaryny düýpli gözden geçirmegimizden soň, biz Russiýa Federasiýanyň diplomatiki missiýasynyň üç wekiliniň işlerini bes edip, ýedi günüň içinde Slowakiýa Respublikasyny terk etmelidigini duýdurýarys” diýip, slowak premýer-ministri 22-nji aprelde Bratislawadan çykyş etdi.

XS
SM
MD
LG