Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

ABŞ ermenileri gyrgynçylygy genosid diýip ykrar edýän Baýden jarnamasyny gutlaýar


Amerikaly ermeniler prezident Jo Baýdeniň ermenileriň Birinji Jahan urşy döwründe sezewar bolan gyrgynçylygyny resmi taýdan genosid diýip ykrar etmegini gutladylar.
Amerikaly ermeniler prezident Jo Baýdeniň ermenileriň Birinji Jahan urşy döwründe sezewar bolan gyrgynçylygyny resmi taýdan genosid diýip ykrar etmegini gutladylar.

Amerikaly ermeniler prezident Jo Baýdeniň ermenileriň Birinji Jahan urşy döwründe sezewar bolan gyrgynçylygyny resmi taýdan genosid diýip ykrar etmek kararyny gutladylar, ýöne bu jarnama Birleşen Ştatlary taryhy täzeden ýazmaga synanyşmakda aýyplan Ankaranyň gaharyny getirdi.

Baýden 24-nji apreldäki resmi beýanatda genosid sözüni ulanan ilkinji ABŞ prezidenti boldy we ol Osman imperiýasynyň synmagy bilen 1915-nji ýylda, gyrgynçylygyň başlanmagynyň ýyl dönüminde, Ermeni genosid ýatlamasy gününde çap edildi.

Amerikan halky "106 ýyl mundan ozal hut şu günde başlanan genosidde ölen ähli ermenini hormatlaýar" diýip, Baýden aýtdy.

Onuň beýanatynda ermeni immigrantlarynyň "Amerikany köp ugurda baýlaşdyrandygy, emma olaryň pajygaly taryhy hiç wagt ýatdan çykarmandygy" bellendi.

Baýden bu jarnamany günäkärlemek üçin däl-de, bolup geçen wakalaryň gaýtalanmazlygy üçin edýändigini aýtdy.

Ak tam NATO ýarany bolan Türkiýäni özünden daşlaşdyrmazlyk üçin genosid adalgasyny ulanmakdan gaça durdy.

Emma Baýden özüniň prezident saýlawlary kampaniýasynda saýlanan halatynda esasan simwoliki bolan ädim ätmek wadasyny beripdi.

Ankara şol döwürde bolan adam heläkçilikleriniň osmanlylar hökümeti tarapyndan ermenileri ýok etmek üçin planlaşdyrylan tagallalaryň däl-de, raýat bidüzgünçilikleriniň netijesi bolandygyny aýdyp, öz diýeninde berk durýar.

XS
SM
MD
LG