Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Türmede oturan Nawalnynyň topary “ekstremist” aýyplamasy boýunça deslapky sud işi bilen ýüzbe-ýüz boldy


Alekseý Nawalnynyň korrupsiýa garşy göreş fondunyň (FBK) Moskwadaky ofisi 2020-nji ýylyň 5-nji noýabrynda howpsuzlyk işgärleri tarapyndan barlandy.
Alekseý Nawalnynyň korrupsiýa garşy göreş fondunyň (FBK) Moskwadaky ofisi 2020-nji ýylyň 5-nji noýabrynda howpsuzlyk işgärleri tarapyndan barlandy.

Türmede oturan rus oppozisiýa syýasatçysy Alekseý Nawalnynyň Korrupsiýa garşy fondy (FBK) Moskwanyň prokurorlarynyň bu topary ekstremist diýip aýyplamagy sebäpli deslapky sud diňlenişigine garaşýar. Orsýet hökümeti Kremliň tankytçylaryny goldaýanlara garşy basyşlaryny aç-açan güýçlendirmegini dowam etdirýär.

26-njy aprelde Nawalnynyň Korrupsiýa garşy gaznasynyň (FBK) müdiri Iwan Ždanow, Nawalnynyň ofisleriniň we FBK-daky işleriň rus prokurory tarapyndan togtadylandygyny habar berdi.

FBK 26-njy aprelde irden ýazan twitinde bu iş bilen baglanyşykly deslapky gepleşikleriň günüň dowamynda geçiriljekdigini we resmi diňlenişigiň 29-njy aprelde boljakdygyny mälim etdi.

"Esasy mesele, aýyplamalaryň jikme-jiklikleriniň bize hiç haçan mälim bolmajakdygy bilen bagly. Bu işdäki subutnamalaryň hemmesi döwlet syry hökmünde gizlin saklanýar"-diýdi FBK topary ýazýar.

Nawalnynyň ýanwar aýynda tussag edilmegi we galp aýyplamalar esasynda oňa iş kesilmegi Orsýet bilen Günbataryň arasyndaky gatnaşyklary hasam dartgynlaşdyrdy we ony Sowuk Urşuň iň pes derejesine ýa-da 2014-nji ýyldan bäri Moskwanyň Krym ýarym adasyny basyp almagyndan hem-de Ukrainanyň köp böleginde 13 müň adamyň ölümine sebäp bolan separatizmi goldamagyndan bäri iň erbet derejesine ýetiridi.

FBK birnäçe ýyl bäri Prezident Wladimir Putiniň we beýleki ýokary wezipeli rus ýolbaşçylaryň gelip çykyşy düşündirilmedik baýlygyny paş edýän wideo gözlegleri bilen Kremle garşy göreşdi.

Moskwanyň prokuraturasy 16-njy aprelde başlanan iň soňky aýyplamalary bilen, Moskwa şäher sudunyň FBK fonduny we beýleki iki guramany, ýagny Nawalnynyň Raýatlaryň hukuklaryny goraýjy fondunyň we Nawalnynyň regional merkezini “ekstremist” hökmünde aýyplamak isleýär.

Bu ädim halkara we ýurduň içindäki adam hukuklaryny goraýjy toparlar tarapyndan dessine ýazgaryldy. Eger-de Nawalnynyň guramalary resmi taýdan "ekstremist" diýlip ykrar edilse, işgärleriniň hemmesi tussag edilip, 6 ýyldan 10 ýyla çenli azatlykdan mahrum edilip bilner.

XS
SM
MD
LG