Braziliýanyň federal saglyk gözegçi topary COVID-19-a garşy Russiýanyň “Sputnik-V” waksinasynyň import edilmegini ret etdi. Tehniki topar waksinanyň “aýrylmaz wehim abandyrýandygyny” aýdyp, onuň howpsuzlygyna, hiline we netijeliligine güwä geçýän maglumatlaryň ýeterlik däldigini belledi.
“Anwisa” diýlip bilinýän gözegçi topar rus waksinasy babatynda 26-njy aprelde ses berişlik geçirdi.
27-nji aprelde Kremliň metbugat wekili Dmitriý Peskow Russiýanyň Braziliýa ähli zerur dokumentleri ibermäge taýýardygyny aýtdy.
Dünýäniň ençeme döwleti, şol sanda Türkmenistan hem Russiýanyň “Sputnik-V” waksinasynyň ulanylmagyna ygtyýar berdi.
Braziliýada koronawirusa 14,4 million adam ýolugdy we ondan 400 müňe golaý adam öldi. Saglyk ministrligi ýurduň 27,3 million ilatynyň 13%-ine azyndan waksinanyň birinji sanjymynyň edilendigini habar berdi.