Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Eýranyň baş diplomaty syzyp çykan audiodaky belliklerine düşündiriş berdi


Eýranyň daşary işler ministri Mohammad Jawad Zarif

Eýranyň daşary işler ministri Mohammad Jawad Zarif, jedelli audio ýazgynyň syzyp çykmagyndan soň eden ilkinji çykyşynda, harby we diplomatiki pudaklaryň arasyndaky “paýhasly sazlaşygyň” tarapyny tutýandygyny aýtdy.

Mundan öň syzyp çykan audio ýazgyda Zarif Eýranyň harbylarynyň we kuwwatly Yslam Rewolýusiýa Sakçylary Korpusynyň diplomatiki gatnaşyklarda uly täsiriniň bardygyny aýdypdy.

Zarif 28-nji aprelde özüniň Instagram hasabynda bu ýazgydaky aýdanlarynyň “esasy özeniniň”, bu - “iki pudagyň arasyndaky gatnaşyklarda paýhasly sazlaşyga zerurlygyň bardygyny bellemekden ybarat bolandygyny" aýtdy.

Ol “kanuny esaslaryň çäginde we ýokary ruhany lideriň howandarlygynda ileri tutulýan ugurlaryň kesgitlenmelidigini” hem nygtady.

Zarifiň audio ýazgydaky bellikleri Eýranyň daşyndaky habar serişdelerinde çap bolandan soňra, ýurduň içindäki gürrüňi edilýän esasy meseleleriň birine öwrüldi. Baş diplomatyň sözleri Eýranyň konserwatiw mediasynyň we syýasatçylarynyň arasynda gahar-gazaply garşylandy.

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG