Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Eýranyň baş diplomaty syzyp çykan audiodaky belliklerine düşündiriş berdi


Eýranyň daşary işler ministri Mohammad Jawad Zarif

Eýranyň daşary işler ministri Mohammad Jawad Zarif, jedelli audio ýazgynyň syzyp çykmagyndan soň eden ilkinji çykyşynda, harby we diplomatiki pudaklaryň arasyndaky “paýhasly sazlaşygyň” tarapyny tutýandygyny aýtdy.

Mundan öň syzyp çykan audio ýazgyda Zarif Eýranyň harbylarynyň we kuwwatly Yslam Rewolýusiýa Sakçylary Korpusynyň diplomatiki gatnaşyklarda uly täsiriniň bardygyny aýdypdy.

Zarif 28-nji aprelde özüniň Instagram hasabynda bu ýazgydaky aýdanlarynyň “esasy özeniniň”, bu - “iki pudagyň arasyndaky gatnaşyklarda paýhasly sazlaşyga zerurlygyň bardygyny” bellemekden ybarat bolandygyny aýtdy.

Ol “kanuny esaslaryň çäginde we ýokary ruhany lideriň howandarlygynda ileri tutulýan ugurlaryň kesgitlenmelidigini” hem nygtady.

Zarifiň audio ýazgydaky bellikleri Eýranyň daşyndaky habar serişdelerinde çap bolandan soňra, ýurduň içindäki gürrüňi edilýän esasy meseleleriň birine öwrüldi. Baş diplomatyň sözleri Eýranyň konserwatiw mediasynyň we syýasatçylarynyň arasynda gahar-gazaply garşylandy.

The New York Times neşiriniň çap eden maglumatyna görä, Zarif üç sagada golaý audio ýazgysynyň dowamynda “Yslam respublikasynda harbylar höküm sürýär. Men diplomatiýany diplomatiki pudaga hyzmat etmegiň deregine, harbylara gurban etdim” diýip hem belläp geçipdir.

Mundan başga-da, Zarif audio ýazgyda merhum general Kasem Soleýmaniniň daşary syýasat babatynda bolan ägirt uly täsiri barada şikaýat edýär. Ol Yslam Rewolýusiýa Sakçylary Korpusynyň ýokary derejeli komandiriniň Russiýa bilen dildüwşüge girip, Eýranyň dünýäniň iri döwletleri bilen 2015-nji ýyldaky ýadro ylalaşygynyň öňüni almak isländigini hem ýaňzadýar. Soleýmani 2020-nji ýylyň ýanwarynda Bagdatda ABŞ-nyň dron hüjümi netijesinde öldürildi. Bu Waşington bilen Tähranyň arasyndaky dartgynlylyklary has hem ýitileşdiripdi.

Zarif Instagram hasabynda çap eden postunda “diplomatiki we [harby] pudaklaryň arasynda sazlaşygyň bolmalydygy baradaky gizlinlikde aýdylan mesawy bir gürrüňiň ýurduň içindäki gapma-garşylyga öwrülendigini” hem nygtaýar.

Mundan bir gün öň, prezident Hassan Rohani Aňtaw ministrligine "ogurlyk" audiony kimiň syzdyrandygyny anyklamagy tabşyrdy. Rohani muny “hökümete, gurluşa, içerki institutlaryň netijeliligine, galyberse-de milli bähbitlere garşy gurnalan dildüwşük bolandygyny” aýtdy.

Bu aralykda, Tähranyň prokuraturasy bu ýagdaý bilen ilteşikli derňew işini açandygyny mälim etdi.

ISNA habarlar gullugynyň maglumatyna görä, parlamentiň Milli howpsuzlyk we daşary syýasat boýunça komissiýasy Zarifi sorag edipdir.

Teswirleri gör

Iň soňky teswirler

XS
SM
MD
LG