Russiýanyň sudy prokuraturanyň tussaglykdaky oppozisiýa syýasatçysy Alekseý Nawalnynyň Korrupsiýa garşy fondunyň (FBK) we Raýat hukuklaryny goramak fondunyň (FZPG) käbir hereketlerini togtatmak baradaky arzasyny makullady.
“Moskwanyň şäher sudunyň kazysy talapçynyň wagtlaýyn gorag çärelerini görmek arzasyny gözden geçirdi. Moskwanyň şäher sudunyň kazysy bähbit aramaýan Korrupsiýa Garşy Fondy we Raýatlaryň hukuklaryny goramak fondy babatynda käbir hereketleri gadagan etmek boýunça wagtlaýyn gadagan ediş çärelerini ulanmak barada höküm çykardy” diýip, suduň 27-nji aprelde çap eden beýanatynda aýdylýar.
Suduň maglumatyna görä, bu höküm gürrüňi gidýän iki fonduň ähli hereketlerini gadagan etmeýär.
Bu iş bilen ilteşikli materiallaryň gizlin diýlip kesgitlenmegi sebäpli, suduň anyk haýsy hereketleri çäklendirendigi aýdyň däl.
FBK-niň direktory Iwan Ždanow suduň karary sebäpli, toparyň öz hereketlerini togtatmagy göz öňünde tutmaýandygyny aýtdy.
Mundan bir gün öň, Moskwanyň prokuraturasy Nawalnynyň regional edaralarynyň ähli hereketlerini bes edipdi.
Prokuratura, özünde degişli ygtyýarlyklaryň ýoklugy sebäpli, FBK-niň we FZPG-niň hem hereketlerini togtatmak boýunça suda arza bilen ýüz tutupdy.