Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Ysraýylda bolan dini baýramçylykda onlarça adam öldi


“Haaretz” gazetiniň polisiýa salgylanyp ýazmagyna görä, basalaşyk adamlaryň basgançaklarda taýyp ýykylmagy netijesinde dörän howsala sebäpli ýüze çykypdyr. 
“Haaretz” gazetiniň polisiýa salgylanyp ýazmagyna görä, basalaşyk adamlaryň basgançaklarda taýyp ýykylmagy netijesinde dörän howsala sebäpli ýüze çykypdyr. 

Ysraýylyň Saglyk ministrligi ýurduň demirgazygynda guralan ýewreý dini festiwalynda bolup geçen basalaşykda azyndan 44 adamyň ölendigini habar berdi.

Ysraýylyň esasy halas ediş gullugy Magen Deýwid Adom 30-njy aprelde 100-den gowrak adamyň ýaralanandygyny, şol sanda iki adamyň agyr ýa-da janyna howp salýan ýara alandygyny aýtdy.

Betbagtçylygyň sebäbi barada gapma-garşy habarlar bar.

“Haaretz” gazetiniň polisiýa salgylanyp ýazmagyna görä, basalaşyk adamlaryň basgançaklarda taýyp ýykylmagy netijesinde dörän howsala sebäpli ýüze çykypdyr.

Ilkinji habarlarda ýygnanyşyk wagtynda ulanylan desganyň ýykylandygy aýdylýar.

Sosial mediadaky wideolar märekäniň baş-başdaklygyny we emele gelen başagaýlygy görkezdi. Bir wideoda ýerdäki jesetleriň hatary görkezildi.

Bu waka müňlerçe aşa prawoslaw dindar Meron dagyna ýygnanyp, II asyrda ýaşan we şol ýerde jaýlanan mistik halypa Şimon Bar Ýoçaýiniň hormatyna tutulýan ýewreý baýramçylygyna, Lag BaOmere toplananda boldy.

XS
SM
MD
LG