Birleşen Ştatlar we NATO 1-nji maýda Owganystandan soňky galan goşun bölümlerini hem resmi taýdan çykarmaga başlap, parahatçylyk şertnamasynyň baglaşylmazlygy bilen bilelikde möwjeýän zorlukly wakalar arasynda uruşdan tozan ýurdy näbelli geljege galdyrýar.
ABŞ-nyň 3500-e golaý esgeri we 7000 töweregi NATO esgeri 11-nji sentýabrda Owganystandan çykmaly. Bu daşary ýurt goşunlarynyň Owganystanda iki onýyllyga çeken hereketleriniň soňlanmagyna getirer.
ABŞ we NATO goşunlary, şeýle hem harby enjamlar ýurtdan çykarylyp başlandy, sebäbi 1-nji maýda Waşingtonyň 2020-nji ýylyň fewral aýynda “Talyban” bilen ylalaşan möhleti gutarýar.
Has ýüreklenen “Talybanyň” goşun çykarylýan wagtynda hüjüm etmek ähtimallygy baradaky aladalar arasynda NATO resmisi islendik hüjüme berk gaýtawul beriljekdigini aýtdy.
30-njy aprelde giçlik Içeri işler ministri wezipesini ýerine ýetiriji Haýatulla Haýat “Talybanyň” zorlukly wakalary köpeltmek ähtimallygyna salgylanyp, ýokary derejeli polisiýa serkerdelerine "şäherlerdäki barlag nokatlarynyň sanyny köpeltmegi we giriş derwezelerinde gözleg-agtaryş işlerini geçirmegi" tabşyrdy.
Şu aralykda, 30-njy aprelde Logar welaýatynyň paýtagty Pul-e Alamda partladylan ulag bombasy azyndan 26 adamyň ölmegine we 100-den gowrak adamyň ýaralanmagyna sebäp boldy. Hüjümiň jogapkärçiligini häzirlikçe hiç kim öz üstüne almady.
Tejende wifi gowy işlenok köseýär!.
Bir tarapdan siziň maglumatlaryňyz kimdir birine peýda getirýär, emma beýleki bir tarapdan bolsa zyýan getirýär. Ynha, siziň habarçylaryňyz aldygyna maglumat baryny ugratdylar mekdeplerde okuwçylardan pul ýygnanýanlygy barada. Indi biz mugallymlar okuwçylardan ýygnan 50, 80 manat aralygyndaky pullary yzyna gaýtaryp berdik. Netijede bolsa, öz hasabymyza 4000-5000 manat jübimizden çykaryp, mekdebi remont etmeli bolduk. Eger gaýratyňyz bolsa, bizede ýardam ediň. Biziň tutuş bir aýlyk hakymyzy çagalarymyzyň agzyndan kesip bermäge ýagdaýymyz ýok. Goý, Gorono diýdi, bilim ministrligi diýdi, olar öz hasaplaryna remont etsinler mekdepleri. Ýa-da siziň habarçylaryňyz peşeden pil ýasap, bize zyýan getirmesinler. Bir maşgaladan tutuş ýylyň dowamynda 80 manat bilim alýan ojagyna pul çykarmak ullakan bir çökder zat däl ahbeti. Olaryň käbirleriniň kakasy günde 30-40 manady araga-çilime-de oklap dur. Ýardamyňyzy bize-de ýetiriň. Gaýrat ediň.