Işçiler we kärdeşler arkalaşyklarynyň ýolbaşçylary koronawirus petiklemeleri wagtynda 1-nji Maý gününi bellemek üçin köçelere çykyp, birbada asuda, dyzmaç we kähalatda has gazaply görnüşde, ykdysadyýetleri we iş ýerlerini ber-başagaý eden pandemiýa arasynda has kän zähmet goraglylygyny talap etdiler.
Pitnä garşy polisiýa Parižde we günortadaky Lion şäherinde, ýol päsgelçiliklerine ot berlip, asmana gara tüsse galanda käbir demonstrantlar bilen çaknyşdy. Polisiýa protestçileriň problema döretmekde güman edilýänleri saklamagyny talap etdi we az mukdarda göz ýaşardyjy gaz ulandy.
Pariž polisiýasy 34 adamy tussag edendigini aýtdy. Häkimiýetler Lionda bäş adamyň tussag edilendigini we 27 polisiýa işgäriniň ýaralanandygyny habar berdiler. Emma Fransiýanyň beýleki ýerlerinde geçirilen onlarça ýörişiň aglabasynda hiç hili hadysa bolmady.
Orsýetde 1-nji Maý güni koronawrus gadaganlyklary arasynda asuda geçdi. Orsýetiň Kommunistik partiýasy Moskwadaky gül goýmak dabarasyna bary-ýogy birnäçe ýüz adamy çekdi.
Italiýada 1-nji Maý tapgyr ikinji ýyl adaty uly ýörişler we rok konsertleri guralmazdan geçdi. Emma Fransiýada, Germaniýada we beýleki ýerlerde ýygnanyşyklara rugsat berildi we işçiler özleriniň iş we gorag aladalaryny beýan etdiler.