Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Zarif öldürilen general barada aýdan sözleri üçin ötünç sorady


Eýranyň daşary işler ministri Muhammet Jawad Zarif
Eýranyň daşary işler ministri Muhammet Jawad Zarif

Eýranyň daşary işler ministri Muhammet Jawad Zarif geçen hepde Yslam rewolýusiýa goragçylary korpusynyň merhum generaly Kasem Soleýmanini tankytlap aýdan we syzyp çykan sözleri üçin ötünç sorady.

Zarif 2-nji maýda Instagramda Soleýmaniniň maşgalasynyň we eýran halkynyň öz gapma-garşylykly sözlerini bagyşlajagyna umyt baglaýandygyny aýtdy.

Prezident saýlawyna iki aýdan hem az wagt galanda syzdyrylan ses ýazgylary oda nebit sepilen ýaly etdi.

Syzan ýazgyda Zarif rewolýusiýa goragçylary korpusynyň diplomatiýa gatyşmagyny tankytlaýar we Soleýmaniniň Russiýa bilen özbaşdak gatnaşyk saklaýandygyny aýdýar. Şeýle-de ol ýurduň teokratik syýasy ulgamynda täsiriniň ýokdugyny, möhüm daşary syýasat kararlary kabul edilende özüniň köplenç gyrada galýandygyny aýdýar.

Soleýmani 2020-nji ýylda ABŞ-nyň pilotsyz uçary bilen Bagdatda öldürildi we şondan bäri Eýranda şehit hökmünde götergilenýär.

Tähranyň prokurorlary ses ýazgylaryny kimiň syzdyrandygyny anyklamak üçin jenaýat işini açdylar, berk liniýalylar bolsa Zarifi "dönüklikde" we Soleýmanini "masgaralamakda" aýyplaýarlar.

XS
SM
MD
LG