Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

"Talyban" we owgan güýçleri arasyndaky söweşlerde ençeme adam öldürildi


Owgan harbylary Ogawystanyň döwlet baýdagyny Antonik lagerinde galdyrýar. 2-nji maý, 2021
Owgan harbylary Ogawystanyň döwlet baýdagyny Antonik lagerinde galdyrýar. 2-nji maý, 2021

Owganystanyň Goranmak ministrligi soňky iki günde hökümet güýçleri bilen "Talybanyň" arasynda bolan söweşlerde 100-den gowrak söweşijiniň öldürilendigini habar berdi.

Ministrlik 2-nji maýda hökümet güýçleriniň arasyndaky pidalar barada jikme-jik maglumat bermän, çaknyşyklarda ýene 52 talyban söweşijisiniň ýaralanandygyny aýtdy.

Ministrlik "Talyban" bilen hökümet güýçleriniň birnäçe welaýatda çaknyşandygyny, şol sanda ABŞ-nyň goşunlarynyň 1-nji maýda çykarylanda "takyk zarba" urlan Kandaharda çaknyşyklaryň bolandygyny mälim etdi.

"Talyban" söweş barada çykyş etmedi.

Soňky aýlarda 20 ýyllyk konflikti bes etmegi maksat edinýän iki tarapyň arasyndaky gepleşikleriň güýçlenen wagtynda zorluk hem artýar.

ABŞ-nyň harbylary geçen aýda prezident Jo Baýdeniň buýrugy boýunça zorlukly ýurtda galan goşunlaryny resmi taýdan çykaryp başlady. 2-nji maýda ABŞ harby güýçleri günorta Helmand welaýatynda ýerleşýän Antonik lagerini owgan güýçlerine tabşyrdy.

Antonik indi ABŞ-nyň harby güýçleri we NATO tarapyndan tälim alan owgan ýörite güýçleri tarapyndan ulanylar.

XS
SM
MD
LG