Prezident Jo Baýdeniň administrasiýasynyň ýokary derejeli resmilerinden ilkinji bolup Kiýewe sapar edýän ABŞ-nyň döwlet sekretary Antoni Blinken Waşingtonyň Ukrainanyň özygtyýarlylygyna, territorial bitewiligine we garaşsyzlygyna ygrarlydygyny tassyklady.
"Men bu ýere ýönekeý bir sebäp bilen geldim prezident Baýdeniň adyndan biziň ýurtlarymyzyň arasyndaky hyzmatdaşlyga ygrarlylygymyzy, Ukrainanyň özygtyýarlylygyna, territorial bitewiligine we garaşsyzlygyna ygrarlydygymyzy beýan etmek üçin" - diýip Blinken 6-njy maýda aýtdy.
Blinkeniň bir günlük sapary Russiýa bilen dartgynlylygyň güýçlenmegi bilen ýüzbe-ýüz bolan ýurda goldaw bermek maksadyna gönükdirildi.
Blinken 5-nji maýda twitterde çap eden maglumatynda bu saparyň "Russiýanyň dowam edýän agressiýasyny ara alyp maslahatlaşmak we ukrain hyzmatdaşlary bilen reformalaryň depginini saklamagyň we ünsi jemlemegiň zerurdygyny nygtamak we ünsi çekmek üçin möhüm pursat boljakdygyny" aýtdy.
Bu saparyň dowamynda Amerikanyň ýokary derejeli diplomaty prezident Wolodymyr Zelenskiý, Daşary işler ministri Dmytro Kuleba, Ukrainanyň mejlis agzalary we raýat ýolbaşçylary bilen duşuşýar.
Zelenskiý ABŞ-dan Ukrainanyň NATO harby bileleşigine goşulmak islegine goldaw berýän signallary eşitmek isleýändigini aýtdy.
Menä düýnki reýs bilen bir garyndaşymy konsullykdan birine bilediň daşyndan 600$ berip getirtdim. Aşgabatdan çözjek bolsaň 3000$ soraýalar, ýöne aňryň konsullugyna çyksaň bärräk bolýan ekeni.