Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar
Göni efirde

HRW Owganystanyň saglyk ulgamynda 'howp dörediji' çäklendirmelerden saklanmaga çagyrdy


Owganystanyň keselhanasy

Ynsan hukuklaryny goraýjy gurama "Human Rights Watch"(HRW) Owganystana halkara donor goldawynyň azaldylmagynyň bu ýurtda aýallaryň medisina kömeginden peýdalanmak mümkinçiliklerini azaldýandygyny duýdurdy.

Gurama ýakyn aýlarda daşary ýurt güýçleriniň ýurtdan çykmaga taýýarlyk görýän wagtynda kömegiň hasam azalmagyna garaşýandygyny aýtdy.

Düýbi Nýu-Ýorkda ýerleşýän adam hukuklaryny goraýjy gurama 6-njy maýda çap edilen hasabatynda owgan aýal-gyzlarynyň medisina kömegini almaga synanyşanda ýüzbe-ýüz bolýan päsgelçilikleri, şeýle hem halkara donorlarynyň goldawynyň azalmagy zerarly saglygy goraýyş ulgamynyň ýaramazlaşmagy barada maglumat berýär .

Maliýe serişdeleriniň azalmagy köp aýallaryň we gyzlaryň durmuşyna eýýäm zyýanly we janyna howp salýan täsir ýetirdi, sebäbi bu saglygy goraýyş hyzmatlarynyň elýeterliligine we hiline täsir edýär diýlip, hasabatda aýdylýar.

HRW guramasynyň aýal-gyzlaryň hukuklary boýunça wagtlaýyn direktory Heather Barr "halkara donorlary daşary ýurt goşunlarynyň çykarylmagynyň "Talybanyň" ýurda has köp gözegçilige eýe bolup-bolmajagyny görmek üçin garaşmak oýny bilen başagaý bolýarlar" diýdi.

"Ýöne bu, ýardam beriji toparlar tarapyndan howpsuz bolmadyk we "Talybanyň" gözegçiligindäki regionlarda ýola goýlan möhüm hyzmatlaryna zerur serişdeleri azaltmak üçin bahana bolmaly däldir" diýip, HRW guramasynyň wekili aýtdy.

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG