Baýdeniň administrasiýasy 5-nji maýda pandemiýany soňlamagy tizleşdirmek maksady bilen COVID-19 waksinalary üçin intellektual eýeçilik goraglaryndan ýüz öwürmegi goldaýandygyny mälim etdi.
Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň Söwda wekili Ketrin Taý, Bütindünýä Söwda Guramasynyň köp ýurtlara adamlary halas ediji waksinalaryň has köp öndürilmegine mümkinçilik döretmek boýunça global söwda düzgünlerini ýeňilleşdirmek baradaky gepleşikleriň dowamynda hökümetiň pozisiýasyny yglan etdi.
Taý administrasiýanyň intellektual eýeçiligiň goralmalydygyna berk ynanýandygyny aýtdy, "ýöne bu pandemiýanyň soňuna çykmak üçin COVID-19 waksinalary üçin bu goragdan el çekmegi goldaýandygyny" belledi.
Bütindünýä saglyk guramasynyň (BSG) başlygy Tedros Adhanom Gebreusus ABŞ-nyň beýanatyny COVID-19-a garşy göreşde "ýatdan çykmajak pursat" diýip atlandyrdy.
Emma Halkara Derman öndürijiler we birleşikler federasiýasy lapykeçlik bildirdi we munuň COVID-19 waksinalarynyň önümçiligini artdyrmajakdygyny, munuň çylşyrymlydygyny we intellektual eýeçiligiň goragyny azaltmak arkaly waksinalary köpeldip bolmajakdygyny aýtdy.
Koronawirusdan heläk bolýanlaryň sany boýunça iň aýylganç ýurt Hindistan waksinalara uly mätäçlik çekýär.
5-nji maýda Hindistan bir günde koronawirus bilen kesellän 382 000 çemesi adamy hasaba alandygyny we 3 780 adamyň ölendigini habar berdi. Bu iň ýokary görkeziji boldy.
Ýurduň saglyk işgärleri häzirki tolkunyň iň ýokary derejesinden birnäçe hepdede çykyp bolmajakdygyny aýdýarlar.
Tejende wifi gowy işlenok köseýär!.
Bir tarapdan siziň maglumatlaryňyz kimdir birine peýda getirýär, emma beýleki bir tarapdan bolsa zyýan getirýär. Ynha, siziň habarçylaryňyz aldygyna maglumat baryny ugratdylar mekdeplerde okuwçylardan pul ýygnanýanlygy barada. Indi biz mugallymlar okuwçylardan ýygnan 50, 80 manat aralygyndaky pullary yzyna gaýtaryp berdik. Netijede bolsa, öz hasabymyza 4000-5000 manat jübimizden çykaryp, mekdebi remont etmeli bolduk. Eger gaýratyňyz bolsa, bizede ýardam ediň. Biziň tutuş bir aýlyk hakymyzy çagalarymyzyň agzyndan kesip bermäge ýagdaýymyz ýok. Goý, Gorono diýdi, bilim ministrligi diýdi, olar öz hasaplaryna remont etsinler mekdepleri. Ýa-da siziň habarçylaryňyz peşeden pil ýasap, bize zyýan getirmesinler. Bir maşgaladan tutuş ýylyň dowamynda 80 manat bilim alýan ojagyna pul çykarmak ullakan bir çökder zat däl ahbeti. Olaryň käbirleriniň kakasy günde 30-40 manady araga-çilime-de oklap dur. Ýardamyňyzy bize-de ýetiriň. Gaýrat ediň.