Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Ýaponiýa adatdan daşary ýagdaýy giňeldýär; Orsýet Sputnigiň ýeňil görnüşini tassyklady 


Tokioda geçiriljek Olimpiýa oýunlarynyň 23-nji iýulda başlanmagyna bary-ýogy üç aý galdy.
Tokioda geçiriljek Olimpiýa oýunlarynyň 23-nji iýulda başlanmagyna bary-ýogy üç aý galdy.

Ýapon hökümeti 7-nji maýda Tokioda we beýleki üç sebitde COVID-19-a garşy adatdan daşary ýagdaý düzgünini maý aýynyň ahyryna çenli uzaltmakçy bolýar.

Bu çäre ýurduň tomusky Olimpiýa oýunlaryna beýemçilik etmezinden birnäçe aý öň möwjän koronawirus keseliniň öňüni almak tagallalary bilen bagly.

Tokioda geçiriljek Olimpiýa oýunlarynyň 23-nji iýulda başlanmagyna bary-ýogy üç aý galansoň, teklip edilýän çäreleriň tassyklanmagyna garaşylýar.

Geçen ýyl pandemiýa sebäpli yza süýşürilen Olimpiýa oýunlarynda Tokiýonyň 11,000-den gowrak türgeni garşylamagyna garaşylýar.

Ýaponiýa eýýäm daşary ýurtlardan geljek tomaşaçylary gadagan etmek kararyna geldi. Ýaponiýa wirusdan beýleki ýurtlar ýaly kän ejir çekmedi, ýöne sanjym kampaniýasy haýal barýar.

Sanjym etmekde yza galýan ýene bir ýurt bolsa Orsýet. 6-njy maýa çenli bu ýurtdaky 146 million adamyň bary-ýogy 9 prosenti COVID-19 sanjymynyň azyndan bir dozasyny aldy.

Russiýanyň düzgünleşdirijileriniň 6-njy maýda Sputnik-Lighty, sanjymyň ýeňil görnüşini tassyklamagy bilen, bu iş birneme güýçlendi.

XS
SM
MD
LG