Orsýetli hünärmenler soňky birnäçe günüň dowamynda Hazar deňziniň kenarynda 150-den gowrak düwlen jesediniň, ýitip ýok bolmak howpy abanýan hazar düwlenleriniň öli tapylandygyny aýtdylar.
Moskwanyň deňiz süýdemdirijileri boýunça ylmy-barlag merkeziniň işgäri Wiktor Nikiforow 6-njy maýda hazar düwlenleriniň jesetleriniň Dagystan sebitinde tapylandygyny aýtdy.
Düwlenleriň köpçülikleýin ölmeginiň takyk sebäbi entek belli däl.
Nikiforow düwlenleriň "deňze zyňylýan senagat galyndylary, tor bilen balyk ýa-da düwlen tutmak üçin edilýän bikanun synanyşyklar zerarly ölen bolmagynyň mümkindigini” aýtdy.
Demirgazyk Kawkazdaky Federal balykçylyk guramasy ölen düwlenleri sanamak üçin bu ýere adam iberendigini aýtdy.
Derňew komiteti hem bu meselä seredýändigini aýtdy. Hazar düwlenleri dünýädäki iň uly içki suw howdany bolan Hazarda ýaşaýan ýeke-täk süýdemdiriji hasaplanýar.
Hazar düwlenleri onlarça ýyl bäri senagat zyňyndylarynyň aşa köpelmeginden ejir çekýär we häzirki wagtda olaryň sany 70 müňden hem az diýip bilinýär, ýogsa 20-nji asyryň başynda olar 1 milliondan gowrak hasaplanýardy.
Tejende wifi gowy işlenok köseýär!.
Bir tarapdan siziň maglumatlaryňyz kimdir birine peýda getirýär, emma beýleki bir tarapdan bolsa zyýan getirýär. Ynha, siziň habarçylaryňyz aldygyna maglumat baryny ugratdylar mekdeplerde okuwçylardan pul ýygnanýanlygy barada. Indi biz mugallymlar okuwçylardan ýygnan 50, 80 manat aralygyndaky pullary yzyna gaýtaryp berdik. Netijede bolsa, öz hasabymyza 4000-5000 manat jübimizden çykaryp, mekdebi remont etmeli bolduk. Eger gaýratyňyz bolsa, bizede ýardam ediň. Biziň tutuş bir aýlyk hakymyzy çagalarymyzyň agzyndan kesip bermäge ýagdaýymyz ýok. Goý, Gorono diýdi, bilim ministrligi diýdi, olar öz hasaplaryna remont etsinler mekdepleri. Ýa-da siziň habarçylaryňyz peşeden pil ýasap, bize zyýan getirmesinler. Bir maşgaladan tutuş ýylyň dowamynda 80 manat bilim alýan ojagyna pul çykarmak ullakan bir çökder zat däl ahbeti. Olaryň käbirleriniň kakasy günde 30-40 manady araga-çilime-de oklap dur. Ýardamyňyzy bize-de ýetiriň. Gaýrat ediň.