Belarusyň oppozisiýa lideri Swetlana Tihanowskaýa öz ýurdundaky krizisi çözmek boýunça ýokary derejeli halkara konferensiýasynyň geçirilmegine çagyrdy.
Tihanowskaýa twitterde Belarusyň “demokratik güýçleriniň, milli hökümetleriň, parlamentleriň we ÝB-niň, Orsýetiň, Britaniýanyň, Birleşen Ştatlaryň raýat jemgyýeti toparlarynyň” gatnaşmagynda Aleksandr Lukaşenkanyň režiminiň wekilleri bilen şeýle konferensiýanyň geçirilmeginiň “örän möhümdigini” aýtdy.
Tihanowskaýa 6-njy maýda Ýewropa Bileleşigini Belarus üçin raýat jemgyýetine we ýurduň ykdysadyýetine kömek etjek giňişleýin plan çap etmäge hem çagyrdy.
Ol bu haýyşlary 4-nji maýda Ýewropa Bileleşiginiň daşary işler ministrlerine we ÝB ýurtlarynyň daşary gatnaşyklar komitetlerine hem iberendigini aýtdy.
Tihanowskaýa 6-njy maýda ABŞ-nyň kongres komissiýasynyň öňünde wideo arkaly çykyş edende hem ýokary derejeli maslahat geçirilmegi baradaky talabyny gaýtalady.
Halkara raýdaşlyk we şol bir wagtda-da anyk hereket etmek möhüm diýip, ol Amerikany diplomatiýany ulanmak bilen, Lukaşenkany mundan beýläk hem üzňeleşdirmäge çagyrdy.