Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar
Göni efirde

Blinken ABŞ-nyň Ukraina 'goşmaça' harby kömek bermek meselesine seredýändigini aýtdy


ABŞ-nyň döwlet sekretary Antoni Blinken ukrain prezidenti Wolodymyr Zelenskiý bilen duşuşyk wagtynda. Kiýew, 6-njy maý, 2021

Döwlet sekretary Antoni Blinken Birleşen Ştatlaryň Ukrainanyň umumy araçägiň golaýynda rus güýçleri köpeldilenden soň soran “goşmaça” harby kömek meselesine seredýändigini aýtdy.

Kiýew ABŞ-nyň howa gorag ulgamlarynyň we mergenlere garşy tehnologiýanyň, şeýle-de “Patriot” raketalarynyň Ukrainada ýerleşdirilmegini sorady.

Blinken 6-njy maýda Ukrain paýtagtynda ýurduň ýokary derejeli ýolbaşçylary, şol sanda prezident Wolodymyr Zelenskiý bilen duşuşandan soň AÝ/AR-a beren interwýusynda Pentagonyň “ozal berlen örän düýpli, şol sanda Ukraina şu günki günde örän peýdaly bolup biljek kömeklerden başga, ýene näme goşmaça kömek berip boljagyna seredýändigini” aýtdy.

2014-nji ýyldan bäri, Orsýetiň Krymy anneksiýa edip, gündogardaky iki sebitde separatistlere goldaw bermegi sebäpli, Birleşen Ştatlar Ukraina 5 milliard dollar töweregi maliýe, ynsanperwer we harby kömek berdi.

Gündogar Ukrainadaky çaknyşyklarda 13,000-den gowrak adam öldürildi.

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG