Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Ýewropada çäklendirmeler azalýar, Hindistana milli petiklenme üçin basyş edilýär


Hindistan soňky ýedi günde 3 milliondan gowrak täze COVID-19  hassasynyň ýüze çykarylandygyny  habar berdi.
Hindistan soňky ýedi günde 3 milliondan gowrak täze COVID-19  hassasynyň ýüze çykarylandygyny  habar berdi.

Ýurtda COVID-19 ýokuşmalarynyň we bu keselden ölýänleriň sanynyň azalmazlygy sebäpli, Hindistanyň premýer-ministri Narendra Modä tutuş ýurt boýunça berk petikle girizmek üçin edilýän basyşlar barha güýçlenýär.

COVID-19 simptomly adamlaryň hassalardan hyryn-dykyn bolan hassanalardan ýüz öwürmegi we meýithanalaryň hem-de krematoriýalaryň öz işlerine ýetişip bilmezligi bilen baglylykdA, köp medisina hünärmeni, oppozisiýa liderleri we Ýokary kazyýetiň kazylary milli çäklendirmeleri talap edýärler.

Hindistan soňky ýedi günde 3 milliondan gowrak täze COVID-19 hassasynyň ýüze çykarylandygyny habar berdi we soňky 10 günde gündelik ölýänleriň sanynyň 3000-den geçendigini aýtdy.

Hindistanda keselçiligiň möwjäp galmagy pandemiýanyň soňuna çykyljagy baradaky umytlara kölege saldy. Ýogsa, köp adama sanjym edilmegi bilen bir hatarda, ösen ýurtlaryň köpüsinde infeksiýanyň azalýandygy habar berlipdi.

Ispaniýa hem keselçiligiň azalýan ýurtlarynyň biri bolup, şu hepdäniň aýagynda ýurt boýunça girizlen koronawirus çäklendirmelerini, syýahat gadaganlyklaryny gowşadar.

Gresiýadaky deňiz kenarlarynyň hem köpüsi, syýahatçylyk möwsüminiň resmi taýdan başlamagyndan bir hepde öňünden, 8-nji maýda açylar.

Rumyniýanyň Buharest şäherinde 1200 töweregi meýletinçi tarapyndan goldanylýan üç günlük gije-gündiz sanjym marafony 8-nji maýda ikinji gününe girdi.

XS
SM
MD
LG