Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar
Göni efirde

Mirziýoýew administrasiýa ýolbaşçylarynyň daşary ýurt dilini bilmegi hökman diýýär


Prezident Şawkat Mirziýoýew

Özbegistanda geljek ýyl döwlet edaralaryna täze işe alnan we wezipä bellenen adamlaryň daşary ýurt dilini bilmegi hökmany bolar.

Prezident Şawkat Mirziýoýew bu talaby daşary ýurt dillerini öwretmegiň netijeliligini ýokarlandyrmaga bagyşlanan wideo konferensiýada aýtdy.

Döwlet baştutany duşuşykda oba hojalygyndaky toparlaryň mysalynda, daşary ýurt dillerini öwretmekde hem klaster ulgamyny ornaşdyrmagyň zerurdygyny aýtdy.

“Daşary ýurt dilini bilmek işe kabul edilýänleriň öňünde goýulýan hökmany talap bolmaly. Indi häkimler daşary ýurt dilini bilmeli bolar” diýip, prezident aýtdy.

Onuň sözlerine görä, daşary ýurt dilini gowy bilýän işgärler üçin 20% goşmaça sylag berler.

Mundan öň prezident Mirziýoýewiň 6-njy maýda geçirilen wideomaslahatda Ministrler kabinetiniň ýanynda Daşary ýurt dillerini öwrenmek gullugynyň döredilendigini yglan edendigi habar berlipdi.

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG