Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar
Göni efirde

AI Nawalnynyň 'Wyždan ýesiri' durumyny dikeldýär


Rus protestçileri Nawalnynyň azat edilmegine çagyrýar.

"Amnesty International" guramasy türmede oturan oppozisiýa syýasatçysy Alekseý Nawalnynyň “wyždan ýesiri” durumyny dikeltmek kararyna gelendigini aýdýar.

Hukuk goraýjy we adam hukuklaryna gözegçilik edýän gurama şu ýylyň başynda "ýigrenji wagyz etmegiň bosagasyna" ýeten öňki teswirleri sebäpli, Alekseý Nawalnyny "wyždan ýesiri hökmünde häsiýetlendirmegini bes edipdi.

Düýbi Londonda ýerleşýän adam hukuklary topary 7-nji maýda çap eden beýanatynda Nawalny “hiç bir ykrar edilýän jenaýat üçin däl-de, eýsem özi we tarapdarlary üçin jemgyýetçilik durmuşyna deň gatnaşmak hukugyny we korrupsiýadan azat hökümet talap edendigi üçin tussag edildi” diýdi.

"Bular wyždan amallary bolup durýar we şonuň ýaly hem ykrar edilmeli" diýip, beýanatda nygtalýar.

Nawalnydan bu karara bada-bat haýsydyr bir reaksiýa bolmady, ýöne onuň ýakyn kärdeşi Leonid Wolkow twitterde, rus prezidenti Wladimir Putini nazara alyp, "ýalňyşlary boýun almak we öňe gitmek ukyby adaty adamlary Putinden tapawutlandyrýan iň möhüm zat" diýip ýazdy.

“Amnesty International” guramasy rus hökümetiniň kreml tankytçysynyň “wyždan ýesiri” diýlip atlandyrylmagyny togtatmak baradaky karary Nawalnynyň hukuklaryny "has kän bozmak" üçin ulanandygyny aýtdy.

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG