Özbegistanyň «Milliý tiklaniş» demokratik partiýasynyň başlygy hem-de Ali Mejlisiň deputaty Alişer Kadyrow paýtagt Daşkentdäki “Istiklol” sungat köşgüniň öňünde geçirilen konsertde, gyzyl baýdagyň ýokary göterilmegini öz partiýasynyň "prowokasiýa" hasaplaýandygyny we muny berk ýazgarýandygyny aýtdy.
Kadyrow öz Telegram kanalynda beren beýanatynda «Milliý tiklaniş» partiýasynyň sungata garşy däldigini, ýöne sungatyň syýasat üçin ýarag hökmünde ulanylmagyna garşydygyny nygtaýar.
“Biz sungata garşy däl, biz sungatyň syýasy ýaraga öwrülmegine garşy. Biz ýurduň paýtagtynyň edil merkezinde Sowet döwletiniň – intellektuallaryň, ata-babalarymyzyň ganyna boýalan basybalyjynyň baýdagynyň galdyrylmagyny özbek halkynyň kemsidilmegi hasaplaýarys" diýdi, Alişer Kadyrow aýdýar.
«Milliý tiklaniş» partiýasynyň başlygy Özbegistanyň Baş prokuraturasynyň bu "prowokasiýa baha bermegine" garaşýandygyny-da mälim etdi.
Kadyrowyň aýdýan SSSR-iň gyzyl baýdagy 1-nji maýda “Istiklol” sungat köşgüniň alnyndaky meýdançada geçirilen Russiýanyň aýdymlar tapgyrynyň çäginde ýokary galdyryldy. 1-nji maýda geçirilen ol konsertde “Turetskiniň hory” we “Soprano” (Russiýa) topary çykyş etdiler.
Konserti gurnaýjylaryň biri bolan Özbegistandaky Rossotrudniçestwonyň web sahypasynda gyzyl baýdakly surat ýerleşdirildi. Russiýanyň Özbegistanda täze bellenen ilçisi Oleg Malginow «Ýeňiş aýdymlary» konsertinde dabaraly çykyş etdi.
Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.
Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.