Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar
Göni efirde

Kazanda mekdebe edilen hüjümde heläk bolanlaryň jynazasy okalýar


12-nji maýda Tatarystanda hüjümde heläk bolanlaryň hatyrasyna matam tutulýar.

Russiýanyň Tatarystan respublikasynyň paýtagty Kazandaky bir mekdepde hüjümçiniň ýaragdan ot açmagy netijesinde heläk bolanlaryň jesetleri, jaýlanyş mirasymyny geçirmek üçin, garyndaşlaryna gowşuryldy. Bu aralykda, derňewçiler ozal jenaýata çekilmedik we kanun bilen meselesi bolmadyk ýaş ýigidiň näme sebäpden adamlary oka tutandygyny anyklamaga synanyşýarlar.

12-nji maýda Kazanyň morgunyň daşynda hatara düzülen jaýlanyş we Tiz Kömek ulaglaryny synlamak bolýar. Bu gün Tatarystanda pajygaly ýagdaýda heläk bolanlaryň hatyrasyna matam tutulýar.

Hüjümçiniň şäheriň 175-nji belgili mekdebinde amala aşyran hüjüminde başga-da 20-den aşa adam ýaralandy.

Pidalaryň köpüsi musulman maşgalalaryndan bolup, günüň dowamynda olaryň jynazasy okalar. Kazandaky Gaila metjidiniň ymamy Rustam Hairullin merhumlaryň jynazasyny guramalaşdyrmaga hemaýat bermek üçin morga iberildi.

Pidalaryň käbir ýakynlarynyň Azatlyk Radiosyna beren maglumatyna görä, merhumlar Kazanyň Kurgan, Samosyrowo we Rybno-Slobodskiý etraplarynyň gonamçylyklarynda jaýlanarlar.

Hüjümde dört oglan we üç gyz öldürildi. Olaryň ýedisi-de sekizinji synp okuwçylarydy. Mundan başga-da, bir mugallyma we mekdebiň ýene bir işgäri öldürildi.

Hüjümi amala aşyrmakda aýyplanyp, ýerli media tarapyndan Ilnaz Galýawiýew diýlip tanyşdyrylan 19 ýaşly bir ýigit tussag edildi. Oňa ýaragdan ot açyp başlamazyndan ozal, mekdepde partladyjyny ýarmakda hem aýyplama bildirilýär. Hüjümiň dowamynda käbir okuwçylar howatyr bolup, üçünji gatyň penjirelerinden bökdüler.

Interfaks habar gullugynyň maglumatyna görä, mundan öň Galýawiýew pes bahalar sebäpli Tatarystanyň Dolandyryş uniwersitetinden okuwdan çykarylypdyr.

Sebitiň çagalaryň hukuklary boýunça adalatçysy Irina Wolynetsiň sözlerine görä, hüjümçini jenaýata iteren sebäpler häzirlikçe doly aýdyň däl.

175-nji mekdep Kazanyň Jaudat Faizi köçesiniň ugrunda ýerleşip, onda müňe golan okuwçy bilim alýar.

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG