Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar
Göni efirde

Ysraýyl Gazadaky hüjümlerini güýçlendirýär, ýöne guryýer hüjümlerinden saklanýar


Gaza şäherinde weýran edilen binalaryň ýokardan alnan suraty. 12-nji maý, 2021. Satellite image 2021

Ysraýyl 14-nji maýda anklawdan atylan täze raketalara jogap hökmünde Gazany top oklaryna tutdy we howadan bomba zarbalaryny urdy, ýöne gury ýer arkaly çozup girmekden saklandy.

Ysraýyl şu hepde ýüze çykan we Palestina tarapynda azyndan 100 adamyň, şol sanda çagalaryň, Ysraýylda ýedi adamyň ölmegine sebäp bolan zorlukly wakalar netijesinde, Gaza howa zarbalaryny urmak bilen bir hatarda, özüniň howa we gury ýer güýçlerini serhet ýakasynda toplaýandygyny aýtdy.

Ysraýyl goşuny twitterde artilleriýa we howa zarbalarynyň Hamaza garşy alnyp barylýan operasiýanyň bir bölegidigini aýtdy, ýöne biraz soň sözüni anyklaşdyryp, öz goşunlarynyň Gaza girmändigini belledi.

Gapma-garşylygyň gowşamazlygy netijesinde, Ysraýyly mähelle zorluklary gaplap aldy we hem araplar, hem ýewreýler gazaply urlup ýenjildi.

Goranmak ministri Benni Gantz içerki bidüzgünçilikleriň öňüni almak üçin howpsuzlyk güýçleriniň üstüni ýetirip, ony "düýpli güýçlendirmegi" buýurdy.

Bu söweşler musulmanlaryň mukaddes Remezan aýynyň tamamlanmagy bilen belleýän Oraza baýramynyň mazasyny gaçyrdy.

BMG-niň Howpsuzlyk geňeşi çaknyşyklary togtamak maksady bilen 16-njy maýda maslahat geçirmegi planlaşdyrsa, müsürli araçylar atyşygy bes etmek maksady bilen Ysraýyla ugradylar.

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG