Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar
Göni efirde

Netanýahu Gaza zarbalarynyň “näçe gerek bolsa, şonça hem dowam etjekdigini” aýdýar


Ysraýylyň 15-nji maýda uran howa zarbalary Gaza şäherinde halkara habar serişdeleriniň edaralarynyň ýerleşýän binasyny ýykdy.

Waşingtondan we BMG tarapyndan edilen asudalyk çagyryşlaryna garamazdan, Ysraýylyň premýer-ministri Benýamin Netanýahu Palestina söweşijilerine garşy alnyp barylýan kampaniýanyň "näçe wagt zerur bolsa, şonça hem dowam etdiriljekdigini" aýtdy.

Netanýahu bu duýduryşy 15-nji maýda, Gaza gözegçilik edýän yslamçy topar bolan Hamazyň ýokary derejeli resmilerini we serkerdelerini nyşana alýan tapgyrlaýyn howa hüjümlerinden soň çap etdi.

“Siz ne ýeriň üstünde, ne-de astynda gizlenip bilersiňiz. Hiç kime kepillik ýok" diýip, Netanýahu aýtdy we Ysraýylyň Hamaza garşy alyp barýan kampaniýasyndan “adalatly ýa-da ahlakly kampaniýanyň ýokdugyny” belledi.

Ysraýylyň 15-nji maýda uran howa zarbalary Hamazyň bir ýokary derejeli syýasy işgäriniň öýüne gönükdirildi we Gaza şäherinde halkara habar serişdeleriniň edaralarynyň ýerleşýän beýik binasyny ýykdy.

Palestinalylar 10-njy maýda söweş başlanaly bäri Gazada azyndan 174 adamyň, şol sanda 49 çaganyň ölendigini we 1200 adamyň ýaralanandygyny aýdýarlar. Ysraýyl 10 adamyň, şol sanda iki çaganyň ölendigini habar berdi.

ABŞ-nyň prezidenti Jo Baýden 15-nji maýda Netanýahu we Palestinanyň prezidenti Mahmud Abbas bilen gürleşip, olary asudalyga çagyrdy.

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG