Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar
Göni efirde

Demonstrasiýaçylar Ýewropada, Demirgazyk Amerikada palestinalylara raýdaşlyk bildirdi


Kosowaly albanlar palestinalylara raýdaşlyk bildirýär. 14-nji maý, 2021.

Palestina tarapdar demonstrantlar 15-nji maýda Ýewropanyň we Demirgazyk Amerikanyň dürli şäherlerinde ýygnanyşyk geçirip, ýewreý döwleti bilen yslamçy söweşijileriň arasynda soňky ýyllarda bolan iň erbet zorluklaryň arasynda, Ysraýylyň Gaza zolagyna edýän hüjümleriniň bes edilmegine çagyrdylar.

Demonstrasiýa Ýewropanyň esasy paýtagtlarynda, şol sanda Berlinde, Parižde, Londonda we Madridde, ABŞ-nyň Nýu-Ýork, Waşington, Boston we Los-Anjels şäherlerinde geçirildi.

Londonda, Hyde Parkyň golaýynda toplanyp, Ysraýyl ilçihanasyna tarap ýöriş eeden birnäçe müň protestçi "Gazany bombalamagy bes et" diýen şygarlary galdyryp, "Palestinany azat et" diýip gygyrdylar.

Palestinanyň ilçisi Husam Zomlot demonstrantlara ýüzlenip, olara: "Bu gezek biz inkär edilmeris, mundan beýläk beýle bolmaz. Biz birleşdik. Biz ýeterlik zulum gördük” diýdi.

Parižiň pitnä garşy polisiýasy, paýtagtdaky ýöriş gadaganlygyny bozansoň, 3000 töweregi demonstranta garşy göz ýaşardyjy gaz ulandy we suw toplaryny atdy. Berlinde gurnalan birnäçe ýüz adamly demonstrasiýa bolsa, koronawirus düzgünleşdirmeleriniň bozulandygy sebäpli, polisiýa tarapyndan dargadyldy.

Nýu-Ýork şäheriniň Bruklin etrabynda iki müňe golaý adam "Palestinany azat et, azat et" diýip gygyryp, palestin baýdaklaryny galdyrdy.

Milleti ýewreý bolan adamlaryň birnäçesi bu ýörişe "Meniň adymdan däl" we "Palestina bilen raýdaşlyk" diýen plakatlary galdyryp gatnaşdy.

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG