Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Üç günlük baýramcylyk ýaraşygyndan soň, Owganystandaky söweşler gaýtadan başlandy


Obasyndan gaçýan adamlar. Helmand, 4-nji maý, 2021.
Obasyndan gaçýan adamlar. Helmand, 4-nji maý, 2021.

“Talyban” bilen Owganystanyň hökümet güýçleriniň arasynda barýan söweşler 16-njy maýda, garşydaş taraplaryň Oraza baýramy mynasybetli baglaşylan üç günlük ýaraşygyň tamamlanmagy bilen, durnuksyz Helmand welaýatynda gaýtadan başlandy diýip, resmiler aýtdy.

ABŞ şu aýyň başynda Owganystandaky soňky goşunlaryny çykarmaga başlaly bäri söweşleriň ýygjamlaşan ýeri bolan Helmand welaýatynyň paýtagty Laşkar Gahyň eteginde birnäçe çaknyşyk boldy diýip, Owganystanyň harby sözçüsi we ýerli resmi aýtdy.

"Söweş şu gün irden başlandy we henizem dowam edýär" diýip, welaýat geňeşiniň başlygy Attaullah Owgan AFP habar gullugyna aýtdy. Ol talyban söweşijileriniň Laşkar Gahdaky we beýleki etraplardaky howpsuzlyk-barlag nokatlaryna hüjüm edendigini aýtdy.

Günortadaky owgan goşunynyň metbugat wekili söweşiň gaýtadan başlandygyny tassyk etdi. “Talyban” toparynyň metbugat wekili Zabihullah Mujahid "operasiýany [owgan güýçleri] başlady ... bizi günäkärlemäň" diýdi.

XS
SM
MD
LG