Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Gazak blogçysy instagramdaky satiriki bellikleri sebäpli tussag edildi


Temirlan Ensebek polisiýa binasyndan çykyp gelýär. Almaty, 15-nji maý, 2021.
Temirlan Ensebek polisiýa binasyndan çykyp gelýär. Almaty, 15-nji maý, 2021.

Hökümetiň syýasy garşydaşlaryna basyş etmegini dowam etdirmegi bilen, gazak polisiýasy sosial media platformasynda satiriki ýazgylaryny paýlaşýandygy üçin, instagram bloggerini tussag etdi.

Polisiýa 15-nji maýda Temirlan Ensebegiň Almatydaky öýüni döküp, onuň enjamlaryny alyp gitdi diýip, blogçynyň aýaly AÝ/AR-a aýtdy.

Ensebek Gazagystanyň “Oýan, Gazagystan!” toparynyň, Merkezi Aziýadaky awtoritar döwletde syýasy özgertmeleriň geçirilmegini talap edýän guramanyň agzasy bolup durýar.

Blogçynyň birnäçe tarapdary onuň sorag edilýän polisiýa merkeziniň daş işiginde nägilelik protestini geçirdi.

Esenbegiň aýaly adamsynyň jemgyýetçilik tertibine howp salýan ýalan maglumatlary bilkastlaýyn ýaýratmakda aýyplanyp biljekdigini aýtdy.

Ol haýsy ýazgynyň polisiýanyň derňewine sebäp bolandygyny bilmeýändigini hem sözüne goşdy.

“Qaznews24” instagram sahypasyndaky ähli ýazgylar öçürildi.

Ensebegiň ýurduň awtoritar ulgamyny ýaňsylaýan satiriki bellikleriniň käbiri sosial ulgamlarda giňden ara alnyp maslahatlaşylýardy.

XS
SM
MD
LG