Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Ysraýyl Gaza howa zarbasyny urdy, tunneleriň toplumynyň ýok edilendigini aýdýar


Harbylar soňky operasiýanyň dowamynda 35 “terror nyşanasyna” zarba urlandygyny aýtdylar.
Harbylar soňky operasiýanyň dowamynda 35 “terror nyşanasyna” zarba urlandygyny aýtdylar.

Ysraýyl harbylary 17-nji maý güni ir bilen harby uçarlarynyň Gaza zolagyna zarbalary urandygyny, munuň netijesinde söweşijileriň 15 km tunneliniň, şeýle-de HAMAS toparynyň komandirleri bolmakda güman edilýänleriň dokuz öýüniň ýok edilendigini habar berdiler.

Gazadaky üç gatly ýaşaýyş jaýa uzy zeper ýetdi. Emma ýaşaýjylar Ysraýyl harbylarynyň howa hüjüminden 10 minut öň duýduryş berendiklerini, netijede ähli kişiniň binadan çykandygyny aýtdylar.

Soňky howa zarbasynyň netijesinde dörän ýitgiler barada bada-bat maglumat berilmedi. Howa zarbasy sebäpli ýüzlerçe jaýa zeper ýetdi we elektrik üpjünçiligi kesildi.

Harbylar soňky operasiýanyň dowamynda “terror nyşanalary” diýlip häsiýetlendirilen 35 obýekte zarba urlandygyny aýtdylar. Maglumatda söweşijileriň howa hüjümlerinden gizlenýän “Metro” atlandyrylýan tunneler toplumynyň hem nyşana alnandygy bellenilýär.

Ysraýyl harbylary öten gijäniň dowamynda söweşijileriň Ysraýyla tarap 60 raketa atandyklaryny mälim etdiler. Mundan bir gün öň 120 raketa, iki gün ozal hem 200 raketa atylypdy.

16-njy maýda Ysraýyl 90-dan aşa nyşana zarba urdy. Gazadaky saglyk işgärleri bu hüjümleriň birinde 42 palestinalynyň, şol sanda sekiz çaganyň we iki lukmanyň öldürilendigini aýtdylar.

Ysraýylyň premýer-ministri Benýamin Netanýahu Palestina söweşijilerine garşy alnyp barylýan kampaniýanyň "näçe wagt zerur bolsa, şonça hem dowam etdiriljekdigini" aýtdy.

ABŞ-nyň prezidenti Jo Baýdeniň administrasiýasy hem palestinalylar, hem-de ysraýyllylar bilen işleşip, asudalygy ornaşdyrmak ugrunda tagalla edýändigini aýdýar.

Birleşen Ştatlaryň döwlet sekretary Antoni Blinken 16-njy maýda bu ýagdaýlary telefonda Kataryň, Müsüriň we Saud Arabystanynyň daşary işler ministrleri bilen maslahat etdi.

“Meniň administrasiýam palestinalylar we ysraýyllylar, şeýle-de beýleki regional hyzmatdaşlarymyz bilen ygtybarly asudalygy ornaşdyrmak ugrunda tagalla edýär” diýip, Baýden 16-njy maýda, musulmanlaryň Eid baýramy mynasybetli eden çykyşynda belledi.

16-njy maýda Russiýanyň daşary işler ministriniň orunbasary Sergeý Werşinin gazaplylygyň dessine bes edilmegine we palestinlylar bilen ysraýyllylaryň aradyndaky parahatçylyk dialogynyň täzeden başladylmagyna çagyrdy.

Gazaplylygy bes etdirmek boýunça edilýän diplomatiki tagallalar häzirlikçe oňaýly netije bermeýär.

XS
SM
MD
LG