Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Özbek oppozisiýa syýasatçysy partiýasyny hasaba aldyrmak ugrunda tagalla edýär


Hydyrnazar Allagulow
Hydyrnazar Allagulow

Özbek oppozisiýa syýasatçysy güýzdäki prezidentlik saýlawlaryna hasaba durmak üçin, ilkinji synanyşygy ret edilenden soňra, partiýasynyň ýaňadandan gol toplamak kampaniýasyna başlandygyny aýtdy.

Hydyrnazar Allagulowyň Azatlyk Radiosyna aýtmagyna görä, geçen hepde Özbegistanyň Adalat ministrligi onuň “Hakykat we Tarakkiýot (Hakykat we Ösüş) Sosial Demokratik” partiýasyny, toplanan gollaryň aglaba böleginiň nädogrydygyny aýdyp, hasaba almakdan ýüz öwüripdir.

“[Adalat ministrligi] biziň partiýamyzy goldap gol goýan 27 adamyň aradan çykandygyny aýtdy. Ministrlik 2 müň 44 adamyň, gollarynyň haýsy maksat üçin toplanandygyny bilmändikleri üçin, soňundan olardan ýüz öwürendigini aýtdy” diýip, Allagulow belledi.

Ministrlik Azatlyk Radiosyna Allagulowyň arzasynyň gollardaky näsazlyk sebäpli ret edilendigini tassyklady.

Allagulowy we onuň partiýasyny goldaýanlar Azatlyk Radiosyna aprelde ýurt boýunça ýerli häkimiýetleriň olaryň partiýanyň goldawyna goýan gollaryndan ýüz öwürmekleri üçin basyş edýändiklerini aýdypdylar.

Özbegistanda nobatdaky prezidentlik saýlawlary 24-nji oktýabrda geçiriler.

XS
SM
MD
LG