Müsüriň araçylyk etmegi bilen, Gaza zolagynda we Ysraýylda Ysraýyl bilen Hamazyň arasynda baglaşylan ýaraşyk güýje girip, ysraýyl harbylary bilen söweşiji yslamçy toparlaryň arasynda 11 gün dowam eden zorlukly gapma-garşylylygyň togtamagyna getirdi.
ABŞ-nyň prezidenti Jo Baýden ýaraşygy gutlap, onuň ABŞ-nyň, Müsüriň, Palestina häkimiýetiniň we beýleki Ýakyn Gündogar ýurtlarynyň arasynda alnyp barlan ýygjam we ýokary derejeli maslahatlaryň netijesi bolandygyny, bu maslahatlarda, öňki ýyllarda görlüşi ýaly, möwjäp galan duşmançylygyň uzaga çeken konflikte öwrülmeginiň öňüni almak maksadyna eýerilendigini aýtdy.
Ot açyşlygyň bes edilmezinden ozal çykyş eden Baýden müsür hökümetiniň ylalaşyk baglaşylmagynda möhüm araçylyk roluny oýnandygyny, ABŞ diplomatiýasynyň duşmançylygy togtatmak üçin “sagatma-sagat” işländigini aýtdy.
Palestinalylar 21-nji maýda ýerli wagt bilen sagat 2-de, ot açyşlyk bes edilenden soň Gazanyň köçelerine döküldi.
Hamazyň ýokary derejeli şahsyýeti Gaza şäherinde müňlerçe adama ýüzlenip eden çykyşynda bu baýramçylygy “ýeňiş şadyýanlygy” diýip atlandyrdy.
Şu aralykda ABŞ-nyň döwlet sekretary Antoni Blinken Ysraýylyň we Palestinanyň daşary işler ministri we sebitdäki beýleki ýolbaşçylar bilen duşuşmak üçin ýakyn günlerde sebite syýahat etjekdigini habar berdi.
Tejende wifi gowy işlenok köseýär!.
Bir tarapdan siziň maglumatlaryňyz kimdir birine peýda getirýär, emma beýleki bir tarapdan bolsa zyýan getirýär. Ynha, siziň habarçylaryňyz aldygyna maglumat baryny ugratdylar mekdeplerde okuwçylardan pul ýygnanýanlygy barada. Indi biz mugallymlar okuwçylardan ýygnan 50, 80 manat aralygyndaky pullary yzyna gaýtaryp berdik. Netijede bolsa, öz hasabymyza 4000-5000 manat jübimizden çykaryp, mekdebi remont etmeli bolduk. Eger gaýratyňyz bolsa, bizede ýardam ediň. Biziň tutuş bir aýlyk hakymyzy çagalarymyzyň agzyndan kesip bermäge ýagdaýymyz ýok. Goý, Gorono diýdi, bilim ministrligi diýdi, olar öz hasaplaryna remont etsinler mekdepleri. Ýa-da siziň habarçylaryňyz peşeden pil ýasap, bize zyýan getirmesinler. Bir maşgaladan tutuş ýylyň dowamynda 80 manat bilim alýan ojagyna pul çykarmak ullakan bir çökder zat däl ahbeti. Olaryň käbirleriniň kakasy günde 30-40 manady araga-çilime-de oklap dur. Ýardamyňyzy bize-de ýetiriň. Gaýrat ediň.