Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar
Göni efirde

Wise-premýer Serdar Berdimuhamedow gazak premýeri bilen telefonda gürleşdi


Gazagystanynyň premýer-ministri Askar Mamin

Wise-premýer Serdar Berdimuhamedow 20-nji maýda Gazagystanynyň premýer-ministri Askar Mamin bilen telefonda gürleşdi diýip, türkmen DIM-i habar berýär.

Taraplar hususan-da söwda gatnaşyklarynyň anyk ugurlaryny we görnüşlerini ara alyp maslahatlaşdylar, türkmen-gazak hyzmatdaşlygynyň takyk taslamalary boýunça gepleşik geçirmek üçin iki ýurduň wekiliýetleriniň özara saparlaryny gurmak ylalaşygyna geldiler.

Bu telefon gürrüňi Türkmenistanda ýaşaýan etniki gazaklaryň ýüzlerçesiniň ahyry öz ata watanlaryna dolanyp gelen wagtynyň yz ýanyna gabat geldi. Olar yzda galan garyndaşlarynyň hem basymrak öz ata watanlaryna gelmek isleýändiklerini aýdýarlar.

Türkmenistan soňky ýyllarda ýurtda ýaşaýan etniki azlyklaryň dillerindäki mekdepleri we synplary tasdan dolulygyna ýapyp, başga milletleriň wekillerini hem türkmen milli eşiklerini geýmäge mejbur edýär diýip, hukuk goraýjylar aýdýar.

Gazagystanyň premýer-ministriniň web sahypasynda türkmen prezidentiniň ogly bilen edilen maslahat barada habar berilmeýär.

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG