Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar
Göni efirde

Ýaraşyk güýje girdi: Ysraýyl-da, palestinalylar hem ýeňendigini aýdýar


Ýaraşyk dabaralary

Urşuň maşgala agzlaryny ýitiren palestin maşgalalaryna, jaýlaryna we iş ýerlerine ýetiren agyr zyýanyna garamazdan, Hamaz hem ýeňiş gazanandygyny öňe sürdi. Indi ozalam ýokary işsizlikden we koronawirus epidemiýasyndan ejir çekýän sebitde gaýtadan gurmak, dikeldiş işleri kyn mesele bolup durýar.

Gazada Hamazyň söweşijileri bilen Ysraýylyň arasynda bolan we 200-den gowrak adamyň ölmegine getiren 11 günlük gapma-garşylyk ot açyşlygyň bes edilmegi baradaky ylalaşyk bilen togtadylyp, ýaraşyk güýje gireninden soň müňlerçe palestinaly bir ýere ýygnandy.

On müňlerçe palestinalynyň Iýerusalimdäki Al-Aksa metjidiniň howlusynda, hem ýewreýleriň, hem musulmanlaryň mukaddes hasaplaýan künjeginde hepdelik namaza durmagy bilen, 21-nji maýdaky ýaraşyk irki synag bilen ýüzbe-ýüz bolýar.

ABŞ-nyň prezidenti Jo Baýden ýaraşygy gutlap, onuň ABŞ-nyň, Müsüriň, Palestina häkimiýetiniň we beýleki Ýakyn Gündogar ýurtlarynyň arasynda alnyp barlan ýygjam we ýokary derejeli maslahatlaryň netijesi bolandygyny, bu maslahatlarda, öňki ýyllarda görlüşi ýaly, möwjäp galan duşmançylygyň uzaga çeken konflikte öwrülmeginiň öňüni almak maksadyna eýerilendigini aýtdy.

Ot açyşlygyň bes edilmezinden biraz öň çykyş eden Baýden müsür hökümetiniň ylalaşyk baglaşylmagynda möhüm araçylyk roluny oýnandygyny, ABŞ diplomatiýasynyň duşmançylygy togtatmak üçin “sagatma-sagat” işländigini aýtdy.

Müňlerçe palestinaly 21-nji maýda, ýerli wagt bilen ir sagat 2-de, ot açyşlyk bes edilenden soň Gazanyň köçelerine döküldi.

Ýaş ýigitler Palestinanyň we Hamazyň baýdaklaryny galdyrdylar, süýji-köke paýladylar, signal berdiler we feýerwerk atdylar. Gündogar Iýerusalimde we basyp alnan Günbatar kenarda hem öz-özünden guralan dabaralar başlandy.

Ysraýyldaky ýagdaý biraz gamgynlaşdy, premýer-ministr Benýamin Netanýahu sagçy ganata degişli raýatlaryň urşy beýle tiz soňlandygy üçin bildirýän gaharly aýyplamalary bilen ýüzbe-ýüz boldy.

Ysraýyl ýüzlerçe howa zarbasyny urup, Hamaza agyr zyýan ýetirendigini öňe sürdi, emma Hamazyň raketalaryny togtatmakdan ýene bir gezek asgyn geldi.

Urşuň maşgala agzlaryny ýitiren palestin maşgalalaryna, jaýlaryna we iş ýerlerine ýetiren agyr zyýanyna garamazdan, Hamaz hem ýeňiş gazanandygyny öňe sürdi. Indi ozalam ýokary işsizlikden we koronawirus epidemiýasyndan ejir çekýän sebitde gaýtadan gurmak, dikeldiş işleri kyn mesele bolup durýar.

Ýewropa Bileleşigi 21-nji maýda atyşygyň bes edilmegini gutlady we krizisi çözmek üçin uzak möhletli "syýasy çözgüt" tagallalaryny has güýçlendirmek wadalaryny berdi.

"Ýewropa Bileleşigi Gazadaky we onuň töweregindäki zorluklaryň soňlanmagy baradaky habary gutlaýar. Biz Müsüri, Katary, Birleşen Milletler Guramasyny we Amerikanyň Birleşen Ştatlaryny we beýlekileri hatyralaýarys” diýip, ÝB-niň daşary syýasat başlygy Josep Borrelliň beýannamasynda aýdylýar.

"Biz soňky 11 günüň içinde bolan adam ýitgilerine gaty gynanýarys. ÝB-niň yzygiderli gaýtalap durşy ýaly, Gaza zolagyndaky ýagdaý uzak wagtlap daýanyksyz boldy” diýip, ol sözüniň üstüni ýetirdi.

Şeýle-de beýanatda "diňe syýasy çözgüt durnukly parahatçylygy getirer we ähli Palestina-Ysraýyl konfliktiniň ymykly soňlanmagyna getirer” diýilýär.

Şu aralykda ABŞ-nyň döwlet sekretary Antoni Blinken Ysraýylyň we Palestinanyň daşary işler ministrleri we sebitdäki beýleki ýolbaşçylar bilen duşuşmak üçin ýakyn günlerde sebite syýahat etjekdigini habar berdi.

Waşingtonyň diplomatik goşulyşmalarynyň bir bölegi hökmünde, Baýden Netanýahu bilen alty gezek gürleşendigini, şeýle-de Palestina häkimliginiň prezidenti Mahmud Abbas bilen gürleşendigini aýtdy.

Teswirleri gör

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG