Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

AI: Belarusda studentler parahatçylykly aktiwizmi üçin basyşlara duçar bolýarlar


Studentler Minskde protest geçirýärler. Sentýabr, 2020 ý.
Studentler Minskde protest geçirýärler. Sentýabr, 2020 ý.

Belarusda studentler diýdimzor Aleksandr Lukaşenkanyň režimine garşy alyp barýan parahatçylykly aktiwizmi sebäpli, tussag etmelere we okuwlaryndan çykarylmagyna duçar bolýarlar diýip, adam hukuklary boýunça Amnesty International toparynyň 24-nji maýda ýaýradan beýanatynda aýdylýar.

Belarusda geçen ýylyň awgustyndaky jedelli prezidentlik saýlawlarynda Aleksandr Lukaşenkanyň ýeňiji diýlip yglan edilmeginden soň, ýurtda başagaýlyk başlandy. Belarus oppozisiýasy we Günbatar awgustdaky saýlawlaryň, iki onýyllyk bäri ýurduň başynda oturan Aleksandr Lukaşenkany häkimiýetde saklamak üçin, galplaşdyrylandygyny aýdýarlar.

Amnesty International studentlere garşy alnyp barylýan gazaply ar alyş çärelerini, şeýle-de döwletiň repressiýalarynyň Belarusyň akademiki durmuşyna ýetirýän täsirlerini beýan etdi.

“Belarus boýunça protestlere gatnaşan studentler we mugallymlar, häzirki okuw ýylyny geçen tomusky wakalar sebäpli düýpgöter üýtgän bir döwletde başladylar. Turuwbaşdan, olaryň garşylykly garaýyşlarynyň resmiler we köp uniwersitetiň administrasiýalary tarapyndan çydam edilmejekdigi aýandy. 27-nji oktýabrda Aleskandr Lukaşenka uniwersitetleri olary çykarmaga çagyrdy. Mundan soň, uniwersitetleriň muňa tabyn bolup, köp studenti çykarandygyna şaýat bolduk” diýip, Amnesty International toparynyň Belarus boýunça ýokary derejeli kampaniýaçysy Aişa Jung aýtdy.

“Belarus Studentleriniň Assosasiýasy” garaşsyz geňeşiň maglumatyna görä, maýa çenli azyndan 466 student saklanypdyr.

XS
SM
MD
LG