Belarus oppozisiýasy awtoritar lider Aleksandr Lukaşenka garşy aktiw protestleriň “täze tapgyryna” taýýarlyk görýändigini aýdýar. Lukaşenka raýat uçarynyň ugrunyň üýtgedilmegi we uçar ýolagçysy bolan dissident žurnalistiň tussag edilmegi boýunça täze halkara basyşlar bilen ýüzbe-ýüz boldy.
Sürgündäki oppozisiýa lideri Swetlana Tihanowskaýa, geçen ýyl geçirilen dawaly prezident saýlawlarynyň yz ýany oppozisiýa liderleri tarapyndan döredilen Utgaşdyryjy Geňeş, hem-de beýleki demokratiýaçy toparlar 26-njy maýda bilelikde beýanat ýaýratdy. Olar öz beren beýanatynda “bikanun režimiň biperwaý hereketleri sebäpli dünýä kartasynda Belarusyň “gara tegmile” öwrülmegini seljermekde özleriniň birleşýändiklerini” mälim etdiler.
Beýanat režimiň ozal görülip-eşidilmedik derejede bütinleý üzňeleşmegiň bosagasyndadygyny nygtady. “Mundan başga garaşara zat ýok – biz bu terrory düýbünden duruzmaly” diýip beýanat aýdýar.
Bu beýanat Belarusyň Ýewropa Bileleşgine agza Gresiýa bilen Litwanyň arasynda gatnaýan “Ryanair” uçaryny paýtagt Minske gonmaga mejbur etmeginden hem-de žurnalist we oppozisiýa aktiwisti Roman Protasewiçi we onuň gyz dostuny tussag etmeginden üç gün soň berildi.
Belarusyň bu hereketleri halkara ýazgarmalara sebäp boldy. Günbatar liderleri Protasewiçiň we Sofia Sapeganyň boşadylmagyny talap edýär. Ýewropa Bileleşigi barha üzňeleşýän gündogar ýewropa ýurdy bilen howa aragatnaşygyny kesýär.
Menä düýnki reýs bilen bir garyndaşymy konsullykdan birine bilediň daşyndan 600$ berip getirtdim. Aşgabatdan çözjek bolsaň 3000$ soraýalar, ýöne aňryň konsullugyna çyksaň bärräk bolýan ekeni.