NATO-nyň baş sekretary Jens Stoltenberg Belarus häkimiýetleriniň geçen hepde öz howa giňişliginden geçip barýan irland uçaryny ýoldan sowup, Minskde gondurmagyny ýakyn ýarany Oreýet bilen hyzmatdaşykda gurnan bolmagynyň ähtimaldygyny aýdýar.
Harby bileleşigiň lideri 28-nji maýda, NATO-nyň ýylyň iň uly harby türgenleşigini geçirýän wagtynda, iňlis uçar gämisinde “Sky News” bilen söhbetdeş boldy.
"Biz Russiýa bilen Belarusyň arasyndaky ýakyn gatnaşygy bilýäris, şu sebäpden Minskdäki režimiň şuňs meňzeş bir işi Russiýa bilen hiç hili utgaşdyrmazdan edip biljekdigine ynanmak kyn" diýip, Stoltenberg aýtdy.
Aleksandr Lukaşenka başgaça pikirlenýänleri gazaply basyp ýatyrmak bilen, awgust aýynda geçirilen we köpçülikleýin halk protestlerine alyp gelen dawaly saýlawlardan bäri Moskwanyň berk goldawyna daýanýar.
23-nji maýda Gresiýadan Litwa gelýän “Ryanair” uçary, Lukaşenka bomba howpuna salgylanyp, MiG-29 söweş uçaryna ýolagçy uçary ugratmagy buýranyndan soň, Minsk şäherine gonduryldy.
Uçardan hiç bir bomba tapylmady, ýöne Lukaşenkanyň tankytçysy we žurnalist Raman Pratasewiç, onuň bile ýolagçylyk eden halaşýan gyzy tussag edilip, alnyp galyndy.
Russiýanyň prezidenti Wladimir Putin 28-nji maýda Soçide Lukaşenka bilen duşuşyp, ýolagçy uçarynyň ýolundan sowulmagyna bildirilen halkara reaksiýasyny "duýguçyllyk" hökümnde häsiýetlendirdi.