ABŞ-nyň aňtaw gullugynda koronawirusyň tebigatyny, belki-de, kompýuter derňewi arkaly kesgitlemäge kömek etjek maglumatlar bar diýip, "The New York Times" habar berýär.
Gazetiň habaryna görä, bu ýerde gürrüň Hytaýyň Wuhan şäherindäki Wirusologiýa institutynda işleýänleriň orunlarynyň üýtgedilmegi we COVID-19-yň ýaýramagynyň häsiýeti barada barýar. Şol bir wagtda, Waşington derňewçileriň geçirmek isleýän derňewiniň görnüşini aýan etmeýär.
Şeýle-de, Ak tamyň Wuhan laboratoriýasy barada goşmaça maglumat almak üçin öz ýaranlarynyň aňtaw jemgyýetleriniň kömegine bil baglaýandygy aýdylýar.
Mundan öň ABŞ-nyň prezidentiniň koronawirusyň gelip çykyşy baradaky maglumatlar üçin öz aňtaw gullugyna ýüz tutandygy belli boldy. Jo Baýden Wuhan şäherindäki laboratoriýanyň COVID-19-yň peýda bolmagyna dahyllydygy ýa däldigi barada has giňişleýin maglumat almak üçin 90 gün möhlet berdi.
Ak tamda aýdylmagyna görä, prezidente aýyň başynda berlen öňki hasabatda hünärmenleriň koronawirusyň tebigaty baradaky pikirleri iki bölege bölündi. Ýörite gulluklaryň iki sanysy bu wirusyň haýwanlardan gelip çykandygyny aýtsa, biri onuň emeli ýagdaýda işlenip düzülen bolmagynyň mümkindigini öňe sürýär.
Resmiler täze derňewiň esasy maksadynyň geljekde bolup biljek pandemiýalara görülmeli taýýarlyk bilen baglydygyny aýdýarlar.
Bütindünýä saglyk guramasynyň hünärmenleri 2021-nji ýylyň başynda Wuhana gelip, ýörite derňew geçirdiler we COVID-19-yň peýda bolmagynyň iň ähtimal sebäbi wirusyň haýwandan adama geçmegi bilen bagly diýen netijä geldiler.
Pekin koronawirus baradaky maglumatlary gizleýändigi barada bildirilen ähli aýyplamany ret etdi we Bütindünýä saglyk guramasy tarapyndan geçiriljek goşmaça derňewlere gatnaşmakdan ýüz öwürdi.
Tejende wifi gowy işlenok köseýär!.
Bir tarapdan siziň maglumatlaryňyz kimdir birine peýda getirýär, emma beýleki bir tarapdan bolsa zyýan getirýär. Ynha, siziň habarçylaryňyz aldygyna maglumat baryny ugratdylar mekdeplerde okuwçylardan pul ýygnanýanlygy barada. Indi biz mugallymlar okuwçylardan ýygnan 50, 80 manat aralygyndaky pullary yzyna gaýtaryp berdik. Netijede bolsa, öz hasabymyza 4000-5000 manat jübimizden çykaryp, mekdebi remont etmeli bolduk. Eger gaýratyňyz bolsa, bizede ýardam ediň. Biziň tutuş bir aýlyk hakymyzy çagalarymyzyň agzyndan kesip bermäge ýagdaýymyz ýok. Goý, Gorono diýdi, bilim ministrligi diýdi, olar öz hasaplaryna remont etsinler mekdepleri. Ýa-da siziň habarçylaryňyz peşeden pil ýasap, bize zyýan getirmesinler. Bir maşgaladan tutuş ýylyň dowamynda 80 manat bilim alýan ojagyna pul çykarmak ullakan bir çökder zat däl ahbeti. Olaryň käbirleriniň kakasy günde 30-40 manady araga-çilime-de oklap dur. Ýardamyňyzy bize-de ýetiriň. Gaýrat ediň.