Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar
Göni efirde

Eýran-Owganystan demirýol gurluşygyny goraýan alty goragçy öldürildi


Hyrat-Haf demirýoly

Gündogar Eýrany Owganystanyň günbatar Hyrat welaýaty bilen baglanyşdyrmak üçin gurulýan demir ýoluň golaýynda ýarylan bomba Owganystanyň howpsuzlyk güýçleriniň alty agzasyny öldürdi.

Hyrat sebitiniň häkimi Wahid Katali öldürilenleriň demir ýoluň Gorýan etrabyndan geçýän ýerini gorandyklaryny aýtdy.

Owganystanyň demirýol gullugy 29-njy maýda Eýran-Owganystan infrastruktura taslamasyna edilen hüjümi tassyklady.

Gurlup gutarylsa, 225 kilometre uzaýan serhetýaka ýol Eýranyň Haf şäherini günbatar Owganystanyň Hyrat şäheri bilen baglanyşdyrar.

Owganystanyň demirgazyk-gündogar Kapisa welaýatynda bolsa, toý dabarasyna atylan minomýot azyndan ýedi adamy öldürdi.

Şeýle-de, 29-njy maýda demirgazyk Parwan welaýatynda talyplary we uniwersitet mugallymlaryny alyp barýan mikroawtobus ýol ýakasyndaky bombanyň üstünden baranda azyndan dört adam ölüp, 11 adam ýaralandy.

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG