COVID-19 pandemiýasyna garşy görmedik çäreleri sebäpli, Braziliýanyň prezidenti Jeýr Bolsonaro 29-njy maýda has köp protest bilen ýüzbe-ýüz bolsa, wýetnam häkimiýetleri hindi we iňlis görnüşleriniň utgaşmasy bolan täze koronawirus görnüşini ýüze çykarandyklaryny aýtdylar.
Koronawirus krizisinde meşhurlygy azalan Bolsonaro garşy bildirilýän gahar-gazap çäresine goşulyp, Rio de Žaneýroda gurnalan soňky protestde 10,000 töweregi adam ýöriş etdi.
Braziliýanyň iň uly şäheri bolan Sao-Pauloda maska geýen müňlerçe adam şäheriň iň uly şaýollarynyň birini petikledi, olaryň ýokarsynda Bolsonarony arwah hökmünde şekillendirýän uly şar görünýärdi.
COVID-19 Braziliýada 461,000-den gowrak adamyň ölümine sebäp boldy. Bu ölenleriň sany 594,000-den gowrak adam bolan ABŞ-dan soň ikinji ýer bolýar.
Wýetnamda bolsa, saglyk ministri Nguyen Thanh Long täze COVID-19 görnüşiniň ýüze çykarylandygyny, onuň ilkinji gezek Hindistanda we Angliýada ýüze çykarylan iki sany belli görnüşiň gibrididigini aýtdy.
Menä düýnki reýs bilen bir garyndaşymy konsullykdan birine bilediň daşyndan 600$ berip getirtdim. Aşgabatdan çözjek bolsaň 3000$ soraýalar, ýöne aňryň konsullugyna çyksaň bärräk bolýan ekeni.