Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar
Göni efirde

'Açyk Orsýet' guramasynyň öňki başlygy uçardan düşürildi


Andreý Piwowarow

Kremliň tankytçysy Mihail Hodorkowskiý tarapyndan esaslandyrylan "Açyk Russiýa" guramasynyň öňki ýerine ýetiriji müdiriniň Sankt-Peterburgda uçardan düşürilendigi we saklanandygy habar berildi.

"Andreý Piwowarowy Sankt-Peterburgyň Moskowskiý prospektindäki Derňew komitetiniň esasy bölümine äkidýärler" - diýip, onuň kärdeşleri Twitterde ýazdylar.

Piwowarow Jenaýat kodeksiniň 284.1 maddasynyň "islenmeýän guramalar" baradaky kanuny yzygiderli bozmak aýyplamasynyň esasynda tussag edildi.

"Açyk Russiýa "guramasynyň öňki koordinatory Tatýana Usmanowa Piwowarowyň hamala “gözlegde bolandygy" we munuň "tussag edişlige sebäp bolandygyny " aýtdy.

Piwowarow Pulkowo aeroportunda tussag edildi. Onuň münen uçary Warşawa barýardy.

Russiýanyň häkimiýetleri tarapyndan dessine düşündiriş bolmady.

27-nji maýda "Açyk Russiýa" guramasy öz agzalaryny sud jogapkärçiligine çekilmek howpundan goramak üçin işini bes etmek kararyna gelendigini aýdypdy.

Düýbi Russiýada ýerleşýän raýat guramasynyň aktiwistleri 2017-nji ýylda rus prokurorlary tarapyndan "islenmeýän gurama" hökmünde kesgitlenenden bäri administratiw we jenaýat aýyplamalary bilen yzygiderli ýüzbe-ýüz bolýarlar.

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG