Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar
Göni efirde

Hytaý guş dümewiniň adama ýokaşmagy bilen bagly ilkinji ýagdaýy tassyklaýar


Hytaý (illýustrasiýa suraty)

Hytaýyň hökümeti dünýäde ilkinji gezek adama guş dümewi H10N3 ştammynyň ýokaşmagy bilen bagly ýagdaýyň ýüze çykandygyny, ýöne keseliň giň ýaýramak howpunyň pesdigini mälim etdi.

Şanhaýdan demirgazyk-günbatarda ýerleşýän Jiangsu welaýatynyň Ženjiang şäheriniň 41 ýaşly ýaşaýjysy 28-nji maýda keselhana ýerleşdirildi, onuň ýagdaýynyň gowudygy aýdylýar. Bu habary Milli Saglyk Komissiýasy (NHC) 1-nji iýunda öz web sahypasynda çap etdi.

Resmi habarda H10N3 ştamynyň ýokaşmagyna degişli başga bir ýagdaýyň bolmandygy aýdylýar.

"Bu ýokaşma tötänleýin bir ýagdaýdyr. Uly göwrümli ýokaşmalaryň töwekgelçiligi gaty pes" diýlip, maglumatda aýdylýar.

BMG-nyň Azyk we oba hojalygy guramasynyň habaryna görä, 2013-nji ýyldan bäri H7N9 guş dümewi wirusy 1668 adama ýokaşdy we 616 adamyň ölmegine sebäp boldy.

Hytaýda H7N9 guş dümewiniň adamlaryň arasyndaky soňky epidemiýasy 2016-2017-nji ýyllaryň ahyrynda bolup geçdi.

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG