Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Kabulda bolan partlamalarda azyndan 10 adam öldi


Owgan howpsuzlyk resmileri Kabulda bolan partlamany derňeýär. 1-nji iýun, 2021 ý.
Owgan howpsuzlyk resmileri Kabulda bolan partlamany derňeýär. 1-nji iýun, 2021 ý.

Günbatar Kabulda bolan iki partlamada azyndan 10 adam öldürildi, diýip owgan howpsuzlyk resmileri aýdýar. Bu partlamalar halkara güýçleriň Owganystandan goşun çekip başlamagyndan soň, ýurt boýunça zorlugyň artýan wagtynda bolýar.

Iki mikro awtobusy nyşana alan aýrybaşga partlamalarda başga-da 14 adam ýaralandy diýip, Kabul polisiýasynyň metbugat sekretary Ferdows Faramarz 1-nji iýunda gijöýlän aýtdy.

Ýöne, şaýatlar “Tolo News” habar agentligine ejir çekenleriň sanynyň ep-esli köpdügini aýtdylar.

Bomba hüjümleriniň jogapkärçiligini hiç kim öz üstüne almady.

“Talyban” bilen “Yslam döwletiniň” ikisi-de Owganystanda bomba hüjümlerini amala aşyrýar.

Geçen aýyň aýagynda ABŞ prezidenti Jo Baýden galan 2,500 – 3, 500 töweregi ABŞ harbysynyň we müňlerçe şertnamalaýyn gullukçysynyň sentýabra çenli Owganystandan çekiljekdigini yglan etdi.

7,000 töweregi NATO goşuny hem häzirki wagtda ýurtdan çekilýär. Pentagon goşun çekmegiň depgininiň ýokarlanýandygyny mälim etdi.

ABŞ-niň Merkezi komandowaniýesi 30-njy maýa çenli yza çekiliş prosesiniň 30-44 göteriminiň tamamlanandygyny çaklady.

Bu aralykda, NATO ýaranlygynyň baş sekretary Ýens Stoltenbergiň aýtmagyna görä, NATO-nyň Owganystandan çykmagy “tertipli we utgaşdyrylan görnüşde” alnyp barylýar. Goşun çekmek işleri 11-nji sentýabra çenli tamamlamak meýilleşdirilýär.

XS
SM
MD
LG