Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Iri halkara guramalar baý döwletleri ösüp barýan ýurtlaryň sanjym üpjünçiligine çagyrýar


Illýustrasiýa
Illýustrasiýa

Dört iri halkara guramasynyň ýolbaşçylary pandemiýany gözegçilik astyna almak we ösüp barýan ýurtlara sanjym elýeterliligini ýola goýmak üçin dünýä liderlerini miliardlarça dollar maýa goýmaga çagyrdy.

Bütindünýä saglygy goraýyş guramasynyň (BSSG), Bütindünýä bankynyň, Halkara pul gaznasynyň (HPG) we Bütindünýä Söwda Guramasynyň (BSG) başlyklary 1-nji iýun ýüzlenmelerinde baý ýurtlar bilen ösüp barýan ýurtlaryň arasyndaky sanjym ara tapawudynyň has köp wirus ştamlarynyň döremegine ýol açyp biljekdigini aýtdylar.

“Saglyk krizisiniň soňuna çykmazdan COVID-19 pandemiýasyndan giňişleýin dikeldişiň bolmajakdygy aýdyň boldy” diýip, olar Washington Post gazetinde çap eden bilelikdäki garaýyş makalasynda aýtdylar.

Dört guramanyň liderleri 1-nji iýunda guralan metbugat ýygnagynda çykyş edip, Uly-7 (G7) baý ýurtlar toparyny pandemiýanyň soňuna çykylmagyny çaltlandyrmak maksady bilen garyp ýurtlaryň waksina üpjünçiligini ýola goýmak üçin 50 milliard dollara barabar meýilnamany maliýeleşdirmäge çagyrdy.

G7 sammiti şu aýyň aýagynda Birleşen Patyşalykda geçiriler.

HPG-niň başlygy Kristalina Georgiýewa meseläniň diňe bir saglyk meselesi däldigini, eýsem onuň ykdysady meseledigini nygtady.

XS
SM
MD
LG