Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Türkmenistan şäherara demirýol gatnawlaryny doly dikeltdi


Türkmenistanyň demirýol kärhanasy içerki otly gatnawlaryny doly dikeltdi.
Türkmenistanyň demirýol kärhanasy içerki otly gatnawlaryny doly dikeltdi.

Hiç hili koronawirus hadysasyny resmi taýdan hasaba almadyk Türkmenistanda pandemiýa sebäpli girizilen çäklendirmeleriň tapgyrlaýyn gowşadylmagynyň fonunda ýurduň “Demirýollary” kompaniýasy sebitara otly gatnawlaryny doly dikeltdi.

Kompaniýa sebitara otly gatnawlarynyň täzelenen tertibini resmi websahypasynda çap etdi.

Bütindünýä saglygy goraýyş guramasynyň ýöite COVID-19 missiýasynyň 2020-nji ýylyň iýulynda Türkmenistana eden saparyndan soň, türkmen häkimiýetleri pandemiýa çäklendirmelerini güýçlendirdi, şol sanda sebitara otly gatnawlaryny togtatdy.

Demirýol kompaniýasy şu ýylyň martynda içerki otly gatnawlaryna girizen çäklendirmelerini bölekleýin gowşadyp başlady.

Bu aralykda, ýurduň halkara howa gatnawlary çäklendirilmeginde galýar. “Türkmenhowaýollary” kompaniýasy halkara gatnawlarynyň haçan dikeldiljekdigi barada, ýa-da halkara gatnawlarynyň togtadylmagynyň haçana çenli dowam etjekdigi barada täze beýanat çap etmedi.

Türkmen häkimiýetleri pandemiýa bilen baglylykda dürli çäklendirmeleri güýje girizdi, şol sanda adamlaryň bir welaýatdan başga welaýata syýahat etmegini çäklendirdi.

Ýurtdan gowuşýan koronawirus alamatly hassalar baradaky habarlaryň arasynda Türkmenistan dünýäde koronawirus hadysasy resmi taýdan hasaba alynmadyk az sanly ýurtlaryň hatarynda galdy. Pandemiýanyň dowamynda häkimiýetler oňa garşy üzärlik, sazak, buýan köki ýaly ylmy taýdan subut edilmedik halk emleri bilen göreşmegi saýlap aldy.

XS
SM
MD
LG