Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

ABŞ COVAX sanjym gaznasyna has köp goşant goşmagy meýilleşdirýär


Illýustrasiýa suraty
Illýustrasiýa suraty

ABŞ prezidenti Jo Baýden öňümizdäki günlerde özge ýurtlara 80 million doza koronawirus sanjymyny ibermegiň jikme-jikliklerini yglan eder diýip, ABŞ-nyň döwlet sekretary Antoni Blinken aýtdy. Ol bu meýilnamanyň gysga wagtyň içinde, 3-nji iýunda yglan edilip bilinjekdigini sözüne goşdy.

Blinken Latyn Amerikasyna edýän saparynyň soňky güni, 2-nji iýunda Kosta Rikanyň San Hose (San Jose) şäherindäki ABŞ ilçihanasynda sözlän sözünde bu meýilnamanyň garyp ýurtlara sanjym kömegini berýän COVAX maksatnamasy bilen utgaşykly alnyp barylýandygyny aýtdy.

Baýdeniň yglan etmegi meýilleşdirýän ýardam meýilnamasy “syýasy talaplardan azat” hödürlener diýip, ol aýtdy.

Baýden 17-nji maýda ýene 20 million doza waksina ibermek meýilnamasyny yglan etdi. Munuň bilen iýunyň aýagyna çenli Birleşen Ştatlary tarapyndan daşary ýurtlara iberiljek waksinalaryň jemi sany 80 million sanjym dozasyna barabar bolar.

Baýden bu başlangyjyň pandemiýa garşy global göreşde Amerikanyň liderligini täzeden dikeltmegi maksat edinýändigini aýtdy we Hytaýyň we Russiýanyň sanjym peşgeş programmalary arkaly bütin dünýäde täsir gazanmak tagallalaryna üns çekdi.

2-nji iýunda dürli ýurtlar we hususy donorlar COVAX maksatnamasyna 2,4 milliard dollar ýardam wada berdi. Bu ýardamlar maksatnama üçin uly goldaw boldy. Ýardam wadalary Ýaponiýanyň we “GAVI” sanjym ýaranlygynyň bilelikde geçiren sammitinde yglan edildi.

XS
SM
MD
LG