Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Belarus basyp ýatyrmalaryň fonunda COVID-19-a salgylanyp, aglaba raýatynyň daşary ýurda syýahat etmegini gadagan edýär


Minskiň Milli howa menzili
Minskiň Milli howa menzili

Belarus COVID-19 pandemiýasyna salgylanyp, aglaba raýatynyň daşary ýurda syýahat etmegini wagtlaýyn gadagan edýär. Oppozisiýa muňa, diýdimzor dolandyryjy Aleksandr Lukaşenka tarapyndan dürli pikirliligiň rehimsiz basylyp ýatyrylmagynyň arasynda, azatlyklary mundan-da beýläk çäklendirmek üçin ädilen nobatdaky ädim diýýär.

Belarus Döwlet serhet komiteti syýahat gadagançylygynyň resmi sapara barýan belarus döwlet gullukçylaryndan, döwlet transport gullugynyň işgärlerinden we özge ýurtlarda hemişelik ýaşaýyş rugsady bolan ýaşaýjylardan başga ähli ýaşaýjylara degişlidigini aýtdy.

Komitet belarus raýatlary üçin we daşary ýurtlular üçin, olaryň ýurdy terk etmeginden öň 10 gün öz-özlerini üzňeleşdirmegi şerti bilen howa gatnawlarynyň açyk galjakdygyny aýtdy.

Komitetiň syýhat düzgünlerini çäklendirmegi Lukaşenkanyň Gresiýadan Litwa barýan “Ryanair” uçaryny Minske mejbury gondurmagy sebäpli dörän halkara gazabyň yz ýanyna gabat gelýär.

Belarus bomba howpy sebäpli çäre görendigini aýtdy. Uçar gonandan soňra uçarda barýan oppozisiýasy bloggeri Roman Protasewiç hem-de onuň gyz dosty tussag edildi. Uçarda hiç hili bomba tapylmady.

XS
SM
MD
LG