Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Ukraina sapar edýän ABŞ senatorlary 'rus agressiýasynyň' arasynda dowamly ýardam wada berýär


ABŞ senatorlary Žin Şahin (Jeanne Shaheen, ortada), Rob Portman (çepden yzda) we Kris Mörfi (Chris Murphy, sagda) ukrain prezidenti bilen geçiren duşuşyklaryndan soň brifing geçirýär. Kiýew. 2-nji iýun, 2021 ý.
ABŞ senatorlary Žin Şahin (Jeanne Shaheen, ortada), Rob Portman (çepden yzda) we Kris Mörfi (Chris Murphy, sagda) ukrain prezidenti bilen geçiren duşuşyklaryndan soň brifing geçirýär. Kiýew. 2-nji iýun, 2021 ý.

Kiýewe sapar edýän ikipartiýaly ABŞ kongres wekiliýeti Ukrainany demokratiýany güýçlendirmek üçin reformalary dowam etdirmäge çagyrdy we rus “agressiýasynyň” arasynda Ukraina raýdaşlyk beýan etdi.

“Ukrainanyň demokratiýany güýçlendirmek üçin möhüm reformalara dowam etdirmegini üpjün etmeklik biziň dowamly hyzmatdaşlygymyz üçin hem-de rus agressiýasyna garşy durmak üçin möhümdir” diýip, ABŞ delegasiýasyna ýolbaşçylyk edýän Žan Şahin (Jeanne Shaheen – demokrat, Nýu Hempşaýr) 2-nji iýunda ukrain paýtagtyndan twit ýazdy.

“Hökümet wekilleri we raýat jemgyýetiniň agzalary bilen olaryň korrupsiýanyň soňuna çykmak we Ukraina üçin has ýagşy geljek bina etmek ugrunda alyp barýan işleri boýunça geçirilen duşuşyga minnetdar” diýip, ol sözüniň üstüni ýetirdi.

Sapar edýän wekiliýetiň düzüminde Şahin hem-de Senatyň daşary gatnaşyklar komitetiniň başga-da iki agzasy, Rob Portman (respublikan, Ohaýo) we Kris Mörfi (Chris Murphy, demokrat – Konnektikut) bar.

“Biz gatnaşyklary ösdürmegiň ähmiýeti barada hem-de Ukrainanyň özüni gorap bileri ýaly ony has köp harby ýardam bilen üpjün etmek barada gürrüň etdik” diýip, Portman gepleşiklerden soň habarçylara gürrüň berdi.

Russiýa 2014-nji ýylda Ukrainanyň Krym ýarym adasyny anneksiýa edip, gündogar Ukrainanyň iki sebitinde turan we 13,200 adamyň ölümine getiren söweşde seperatistleri goldaly bäri, Birleşen Ştatlary Kiýewi 5 milliard dollara barabar maliýe, ynsanperwer we harby ýardamlar bilen üpjün etdi.

XS
SM
MD
LG