Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar
Göni efirde

Türkmenistan: welaýatlylar azyk ýetmezçiliginden nägile, aşgabatlylar azygyň öýlerine getirilmegine garaşly bolýarlar


Aşgabadyň azyk dükany (illýustrasiýa suraty)

Häzirki wagtda Aşgabat şäheriniň ýaşaýjylary azyk paýyna öýlerinde garaşmaly bolýarlar. Geçen aýda paýtagtdaky dükanlar subsidirlenen önümleri satmagy bes etdi, azyk önümleri ýaşaýjylaryň öýlerine getirilip başlandy. Bu täzelik azyk ýetmezçiligini başdan geçirýän welaýat ýaşaýjylaryna täsir etmedi, olar azyk önümleriniň dükanlara getirilmegine köp wagtlap garaşýarlar.

Iýmit ýetmezçiligi Türkmenistanyň gündogar sebitiniň ilatynyň arasynda ýene bir nägilelik döretdi.

Lebap welaýatynyň Farap etrabynyň ýaşaýjylary ýerli häkimiýetlere köpçülikleýin ýüz tutdular. Esasan aýallardan, şol sanda Frunze obasynyň ýaşaýjylaryndan ybarat topar, satuwda unuň we ýagyň ýoklugyndan, hödürlenýän önümleriň hiliniň iňňän pesliginden şikaýat edip häkimlige bardylar. Bu barada Azatlykyň ýerli habarçylary 3-nji iýunda habar berdiler.

Häkimlige baran aýallar, Farabyň şäher dükanlarynda, şol sanda 110, 35, 105, 15 nomerli dükanlarda unuň we ýagyň ýokdugyny aýtdylar. Häkimiň orunbasarlary adamlaryň arz-şikaýatyny diňlänlerinden soň, azyk önümleriniň ýakyn wagtda getirilmegine garaşylýandygyny habar berdiler we 22 500 adamlyk şäheri üpjün etmegi wada berdiler.

Habarçylaryň häkimlige baran adamlara salgylanyp aýdyşy ýaly, administrasiýanyň wekilleri ýaşaýjylara bellenilen aýlyk iýmit paýoklarynyň satuwynyň yza süýşürilmeginiň sebäbini, Lebap welaýatynyň hemme ýerinde subsidirlenen önümleriň üpjünçiliginiň 35% azalmagyny bilen düşündiripdir we ýaşaýjylara azyk paýlarynyň mundan beýläk iki-üç hepde gijä galmak bilen satylyp bilinjekdigi aýdypdyr.

Azatlyk Farap häkimliginiň wekillerinden resmi kommentariý alyp bilmedi.

Birnäçe ýyl bäri Türkmenistanyň hökümeti ilaty döwlet tarapyndan kesgitlenen aýlyk iýmit paýyny, hususan-da, adam başyna 5 kilogram un bilen üpjün edip bilmedi. Ýylyň başynda krizis hasam erbetleşdi. fewral aýynda subsidirlenen önümleriň bahasy ýokarlandy.

Bu aralykda paýtagtda ýaşaýjylar azyk paýlarynyň öýlerine getirilmegine garaşmaga mejbur boldy.

Hususan-da, 11-nji etrapçada, 3-nji iýunda ýaşaýjylara iýun aýy üçin azyk getirilipdir. Adm başyna getirilýän azyk paýynyň bahasy 65 manat. Azatlyk bilen gepleşen ýaşaýjylar getirilen azygyň umumy nyrhynyň üstüne goşmaça 6 manat alnypdyr, ýöne adamlar muňa da razy bolupdyr.

Maý aýynda Aşgabadyň häkimiýetleri subsidirlenen azyk önümleriniň satuwyna degişli täze düzgünleri girizdiler we azyk önümlerini öýlere eltmek işini bola goýdular. Paýtagtyň köp ýaşaýjylary şeýdip, diňe bir gezek azyk paýyny alyp bilen bolsa, käbirlere iki ýa-da üç gezek azyk eltildi. Emma käbirlere bir gezek hem öýünde azyk almak miýesser etmedi.

Şol döwürde häkimiýet wekilleri azyk paýynyň her adam başyna bir hepde üçin hasaplanýandygyny aýdypdy. Iýmit paýogyna döwlet bahasyndan ösümlik ýagy, şeker we towuk budlary ýaly önümler giripdi. Käbir ýagdaýlarda paýogyň düzümine bazar bahasyndaky käbir harytlar mejbury ýüklenipdi.

Aşgabatda subsidirlenen azyk önümlerini öýe eltmek düzgüni, prezidentiň oglunyň nobatlary tankytlandan soň we prezidentiň kakasynyň aradan çykmagy üçin 40 günlük ýas yglan edilen wagtynda ýola goýlupdy.

Şondan bäri paýtagtyň dükanlary azyk önümlerini subsidirlenen bahadan satmaýar. Şeýlelikde, Aşgabat şäheriniň ýaşaýjylary paýtagtyň ýolbaşçylary tarapyndan azygyň paýlanmagyna doly garaşly bolup galdylar.

Aşgabatdaky habarçynyň sözlerine görä, dükançylar eginlerini gysyp, subsidirlenen bahalardan azygyň asla getirilmeýändigini aýdýarlar. Ähli söwda we gözegçilik hyzmatlarynyň telefonlary jogap bermeýär.

Hususy dükanlarda we bazarlarda bolsa bahalaryň ýokarlanmagy dowam etdirýär. 1 kilogram towuk budunyň bahasy 45 manada ýetdi. Ýürek we bagyr ýaly ýerli towuk önümleriniň bahasy 100-120% ýokarlandy we satuwdan aýryldy. Towuk aýaklarynyň uçlarynyň bahasy 15 manada çenli ýokarlandy we bu önüm hem satuwdan ýitirim boldy. Parçalanan tüwiniň bahasy 4 manatdan 11 manada çenli ýokarlandy we ol hem satuwda azaldy. Dükanlarda günebakar ýagynyň bahasy 50-55 manada, şekeriň bahasy - 24-26 manada ýetdi.

Häkimiýetler subsidirlenen önümleriň söwdasyna degişli indiki planlaryny aýdyňlaşdyrmady. Gizlinlik we resmi maglumatlaryň azdygy sebäpli ilat köpçüligi azyk paýlarynyň doly ýatyrylmagyndan howatyr edýär.

Rus dilinde hem okaň

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

Teswirleri gör

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG