Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Türkmenistan: kleptokratiýa modeli. Täze hasabat türkmen ýolbaşçylarynyň korrupsiýa tejribelerine üns çekýär


Türkmenistanda bir döwlet dükanynyň öňünde azyk nobatyna garaşýan aýallar we çagalar.
Türkmenistanda bir döwlet dükanynyň öňünde azyk nobatyna garaşýan aýallar we çagalar.

Düýbi ABŞ-da ýerleşýän daşky gurşawy we adam hukuklaryny goraýjy “Crude Accountability” jemgyýetçilik guramasy uglewodorod serişdelerine baý Türkmenistanda döwlet ýolbaşçylarynyň “korrupsiýa we kleptokratiýa tejribeleri” barada giňişleýin hasabat çap etdi.

“Türkmenistan: kleptokratiýa modeli” atly hasabat Türkmenistanda “kleptokratiýa ulgamlarynyň” ilkinji prezident Saparmyrat Nyýazowyň ýurdy dolandyran ýyllarynda esaslandyrylandygyny we bu ulgamlaryň ikinji prezident Gurbanguly Berdimuhamedow döwründe dowam etdirilendigini aýdýar.

Hasabata girizilen derňewler ýurduň düşewüntli ýangyç energetika pudagynyň girdejileriniň döwlet ýolbaşçylary we olaryň ýakyn adamlary tarapyndan halkyň hasabyna peýdalanylandygyna yşarat edýär.

Ýöne hasabat ýokary derejeli türkmen resmileriniň “döwlet serişdelerinden hyýanatly peýdalanmagyna” käbir iri daşary ýurt kompaniýalarynyň gatnaşandygyny görkezýän maglumatlary hödürleýär.

Hasabata görä, Türkmenistanyň ýangyç-energetika pudagyndan gelýän daşary ýurt walýuta gorlarynyň dolandyrylmagyna Germaniýanyň Deutsche Bank maliýe edarasy işjeň gatnaşypdyr.

Hasabat Saparmyrat Nyýazowyň maşgala agzalarynyň hem-de Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýakyn töwereginiň girdejili bizneslerini sorag astyna alýar.

Bu aralykda, hukuk goraýjy guramanyň hasabaty Türkmenistanda döwlet ýolbaşçylary ýurduň tebigy baýlyklaryndan doly derejede peýdalanýan wagtynda, ýönekeý raýatlaryň agyr ykdysady şertlerde çekýän jebri, olaryň subsidirlenen azyk önümlerini satyn almakda ýüzbe-ýüz bolýan kynçylyklaryna üns çekýär.

“Biziň gözleglerimiziň görkezişi ýaly, Türkmenistanda bolup geçýän hukuk kemsitmeleri boşlukda bolup geçmeýär. Halkara oýunçylar – korporasiýalar, hökümetler, maliýe institutlary we hökümetara guramalar türkmen ýolbaşçylary bilen yzygiderli gatnaşýar. Bu halkara guramalar ýurduň elitasyny baýlaşdyrýan we güýçlendirýän korrumpirlenen kleptokratik tejribelere gatnaşmak bilen ýa-da olara göz ýummak bilen Türkmenistanda garyplaşmanyň, adam hukuklarynyň kemsidilmeginiň, kleptokratiýanyň we korrupsiýanyň dowam etdirilmegine we güýçlendirilmegine gatnaşýarlar” diýip, guramanyň başlygy Kate Watters hasabatyň giriş bölüminde aýdýar.

Adam hukuklaryny goraýjy guramanyň hasabaty Türkmenistanda soňky birnäçe ýyl bäri dowam edýän ykdysady krizisiň barha ýitileşýän wagtyna we halk arasynda nägileligiň barha güýçlenýän wagtyna gabat gelýär.

XS
SM
MD
LG